Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ýeri gelende bellesek, Rumyniýa 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edip, soňlugy bilen 1992-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda Rumyniýanyň we Türkmenistanyň şol wagtky Prezidentleriniň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekilmegi möhüm wakalaryň biri boldy.
Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletlerimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy dialogdan başlap, medeniýet ulgamy, adamlaryň arasyndaky özara baglanyşyk, aragatnaşyk, suw serişdelerini dolandyrmak ýaly meseleleriň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürildi we berkidildi.