Türkmen restawratorlary nakgaşlaryň işlerini dikeltdiler

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň fonduna Ahal we Daşoguz welaýat muzeýlerinden suratlaryň 109-sy getirildi.Ençeme ýyllaryň dowamynda oba ilatyny şekillendiriş sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin nakgaşlar döredijilik saparlaryna gidipdiler, olar suratlarynda oba durmuşyny, oba zähmetkeşleriniň portretlerini, manzarlary çekipdiler. Şol işleriň aglaba bölegi ýerlerde, ýöne, gynansagam, surat saklamak üçin degerli bolmadyk şertlerde saklanypdyr diýip muzeýiň direktory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow gürrüň berýär. Özboluşly sungat eserlerini halas etmek maksady bilen muzeýimiziň işgärleri şu iki welaýata iş saparyna gitdiler, olara Medeniýet ministrliginiň we ýerlerdäki medeniýet müdirlikleriniň hünärmenleri hem goşuldylar.

Netijede suratlaryň bir bölegi döwrebap saklanylýan otaglar bilen üpjün edilen ýerli muzeýlere ugradyldy, dikeldilmäge mätäç suratlaryň 109-sy bolsa Şekillendiriş muzeýine berildi.Olar saklanylmaly otaglarynda goýulmazdan ozal muzeýiň restawratorlaryna dikeltmäge berildi.

Indi žiwopis muşdaklarynda şu işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.Serginiň bir aýratynlygy bu 109 surat onlarça ýyl öňki döwriň durmuşyny beýan edýän işlerdir.Sergini Iwan Ilýiniň “Ýüpek gurçuklary” suraty açýar.

Erkeklerdir zenanlaryň bir topary ýüpek pilesini almak üçin desse-desse tut şahalaryny getirýärler.Köpçülikleýin zähmet adamlary birleşdirýär.Surat ýagşy umytlara ýugrulan.Elbetde, gowaça ýetişdirmäge we pagta ýygymyna bagyşlanan suratlar agdyklyk edýär.

Baýram Hojymmaýewiň “Bol hasyl” işinde gowaçanyň täze görnüşinden alnan hasyla guwanyp duran seçgiçi alymlar we agranom şekillendirilipdir. Şu temadan Robert Şabunsyň “Ýygymçy gyzlar” suratyny we Stanislaw Babikowyň “Pagta ýygymy” suratynyň awtorlyk gaýtalamasyny görkezse bolar.

Sergide awtorlyk gaýtalamalaryň bir tapgyry goýlupdyr.Olaryň arasynda Ýewgeniýa Adamowanyň “Nätseňizem okajak!” Ýarly Baýramowyň “Seýdi”, Pýotr Tutinasowyň “Kemine”, Yzzat Gylyjowyň “Natýurmort” ýaly belli eserleri bar.Suratlaryň ep-esli bölegi oba durmuşyna bagyşlanan.

Gurban Meredowyň “Oba durmuşy” suraty Gün nurundan doly, ol tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.Gulnazar Bekmyradowyň “Çeşmäniň başynda”, Durdy Baýramowyň “Köne durmuş” suratlarynda owadan oba manzarlary şekillendirilen.Tanymal artistleriň, sazandalaryň, taryhy şahsyýetleriň portretleriniň arasynda Allamyrat Muhammedowyň “Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow”, Saparmämmet Meredowyň Şükür bagşynyň we Mylly Täçmyradowyň suratlaryny görkezse bolar.

Pýotr Tutinasowyň “Ýeňiş” suraty uruş temasyna bagyşlanan.Weýran bolan jaýdan çykan, üst-başyna däri ysy we tozan siňen gyzyl esgerler ilkinji gezek uzak garaşdyran, dünýäde iň ajap “Ýeňiş!” sözüni eşidýärler.

Olar entek bu gysga sözüň manysyna doly düşünmänsoňlar, henizem elinde ýaragyny berk tutup durlar.Bir salymdan olar tüpeňlerini taşlaşdyryp, begençden ýaňa bir-birini gujaklarlar.Nakgaş Nikolaý Çerwýakow bu tema başgaça çemeleşipdir.

Onuň suratynda uruş weteranlarynyň bäşisi myhmançylyga gelen mekdep okuwçylary şekillendirilipdir. Çagalar gadyrly myhmanlar üçin tagamlar taýýarlapdyrlar, indem olaryň her sözüne ünsli gulak asýarlar.Edermen gahrymanlaryň gürrüňine hat-da gyzjagazlaryň biri aglaýaram...

Biziň gürrüň beren suratlarymyz özboluşly eserleriň birje bölegi.Biz bu taslamanyň ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de dowam etdiriljekdigine umyt bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde gurnalan medeni çäreleriniň sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Tanymal türkmen nakgaşlarynyň Watan goragçylaryna bgyşlanan işleri
Zehinler zehinler hakda: baýramçylyga bagyşlanan sergi
Aman Amangeldiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sergi