
Türkmenistanyň resmileri Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy, türkmen režiminiň ençeme ýyllap dowam eden basyşlaryndan, şol sanda tussaglykda wagty urgulardan, gynamalardan soň heläk bolan Hudaýberdi Allaşowyň “yzarlamalara sezewar edilmändigini” öňe sürdüler.
Bu barada 24-nji aprelde BMG-niň Gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler komitetiniň 82-nji sessiýasynda türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew çykyş etdi.
Ol 2024-nji ýylyň awgustynda 35 ýaşynda aradan çykan žurnalisti “hroniki arakkeş” atlandyryp, onuň “jenaýat jogapkärçiligine çekilmändigini” öňe sürüp, munuň hem, onuň öz sözleri bilen aýdylanda “hamala türmede saklanan döwründe” onuň saglyk ýagdaýyna täsir ýetirip bilmändigini öňe sürdi.
Allaşowy tanaýan adamlar onuň ölüminiň häkimiýetleriň sekiz ýyl rehimsiz yzarlanmasy sebäpli çeken fiziki we ruhy azaplary bilen baglydygyny düşündirýärler. Garaşsyz žurnalist bolup işländigi üçin, ony jezalandyrmaga çalyşdylar.
Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we awtoritar ýurtlarynyň biri bolup, ol ýerde erkin habar beriş serişdeleriniň işgärleri yzarlanýarlar, gynalýarlar, hatda olara ölüm howpy abanýar.
Görnüşinden, türkmen wekili Allaşowyň, şol sanda maşgala agzalarynyň gynamalara, urgulara sezewar edilendigi baradaky anyk faktlary inkär edýär.
Allaşow 2016-njy ýylda Azatlyk bilen bary-ýogy üç aý işledi, onda azyk gytçylygy, pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet, öz dogduk mekany Daşoguz welaýatynda işgärleriň aýlyk haklarynyň gijikdirilmegi ýaly temalary gozgapdy.
Azatlygyň žurnalistini we onuň ejesi Gurbantäç Arazmedowany 2016-njy ýylyň dekabrynda öýünde nas saklaýandygy üçin tussag etdiler. Türkmenistanda nas gadagan edilýär, emma aýratyn jenaýata çekmediler. Häkimiýetleriň Allaşowyň žurnalistik işi üçin ar aljak bolup, bu işiň açyk ýasalandygy bellidi.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Allaşow saklananda, urlup-ýenjilendigini, şol sanda elektrik toguna tutulandygyny habar beripdi.
Günbatar diplomatlarynyň we halkara adam hukuklary boýunça guramalaryň berk tankydyndan soň, žurnalist we onuň ejesi kazyýet tarapyndan eýýäm üç ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edeninden birnäçe wagt geçensoň azatlyga goýberildi.
Allaşow Azatlygyň Türkmen gullugy bilen işlemegini bes etdi, emma hökümet tarapyndan onuň yzarlanmagy bes edilmedi.