Türkmen resmileri Ženewada adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?

Türkmen resmileri Ženewada adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?

Türkmen wekiliýeti 6-njy noýabrda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilen Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça hasabat berdi.

Ýygnagyň dowamynda 80-den gowrak ýurduň wekiliýet toparlary bu ugurda öz belliklerini aýtdy we teklipnamalar bilen çykyş etdiler.

Türkmen resmileri diňlenişikde özlerine berlen teklipnamalara jogap berdiler we soňky bäş ýylyň dowamynda adam hukuklary boýunça ýurtda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Ozalky ýyllardan tapawutlylykda, synçylara görä, türkmen wekiliýeti bu gezek, türkmenleriň arasynda aýdylyşy ýaly, “jüýje sanaşmaga” has taýýarlykly gelene çalym etdi. Wekiliýetiň agzalary öz çykyşlarynda diňe öňünden kagyza ýazylan belliklerini okamak bilen çäklenmän, eýsem, özlerine berlen soraglara özakymlaýyn dilden jogap bermäge, adam hukuklary babatynda ýurtda geçirilendigi aýdylýan özgertmeleri erjellik bilen nygtamaga çalyşdylar.

Üç sagat töweregi dowam eden döwürleýin diňlenişigiň dowamynda Türkmenistanda raýat we syýasy azatlyklaryň ýagdaýy, söz, pikir, beýan, metbugat, maglumat, hereket, din-wyždan, ýygnanyşmak azatlyklarynyň ýagdaýy, gender deňligi, durmuş-ykdysady azatlyklar, raýatlaryň medeni hukuklary ýaly adam hukuklarynyň meseleleri seljerildi.

Türkmen resmileri hukuk kemsitmeleri bilen bagly gozgalan käbir meselelere we teklipnamalara açyk-aýdyň düşündiriş bermäge çalyşdy.

Meselem, pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýän türkmen hökümetiniň wekiliýeti soňky aýlarda Halkara zähmet guramasynyň missiýasynyň ýurda baryp görmegine rugsat berilmegine salgylandy we olaryň saýlanan etraplarda pagta meýdanlaryna syn edendiklerini, bu pudakda mejbury zähmetden peýdalanylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, resmiler türkmen türmelerindäki ýaramaz şertleri ret etdiler we daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky wekiliýet toparlarynyň agzalarynyň ýurduň käbir jeza çärelerini ýerine ýetiriş edaralaryna baryp, türme şertleri bilen hut özleriniň tanyş bolandyklaryny, şeýle-de hasabat döwründe Adalatçynyň edarasynyň wekilleriniň ýurduň türmelerine onlarça gezek sapar edip, tussaglaryň şertlerini ýakyndan yzlandyklaryny aýtdy.

Türkmen resmileri Türkmenistanda zenanlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmezligi ýaly hukuk bozulmalaryna-da düşündiriş’ berdiler.

Ýygnakda başga-da köp sanly meseleler gozgaldy. Gepleşigimiziň nobatdaky sany BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde Türkmenistana bagyşlanan Ähliumumy döwürleýin syna gönükdirilýär.

Azatlyk Radiosy ynsan hukuklaryna bagyşlanan döwürleýin synda gozgalan meseleler barada geçen hepdäniň dowamynda birnäçe gezek habar berdi.

Belläp geçişimiz ýaly, ýygnakda 80-den gowrak ýurduň wekilleri Türkmenistan boýunça öz belliklerini aýtdylar we teklipnamalaryny hödürlediler. Geliň häzir ýygnakda käbir daşary ýurt döwletleriniň wekilleri tarapyndan gozgalan meselelere we belliklere göz aýlaly!

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ençemesi, Birleşen Ştatlary, Kanada we Britaniýa ýaly Günbatar ýurtlarynyň wekiliýet toparlary Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly käbir ýagdaýlara alada beýan etdiler.

Britaniýa Halkara zähmet guramasynyň missiýasynyň Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyna esewan etmek üçin soňky aýlarda ýurda baryp görmegine rugsat berilmegine hoşallyk bildirdi.

Şol bir wagtda, britan wekiliýeti Türkmenistanda pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetden peýdalanylmagy boýunça belliklerini aýtdy we ýurtda zor bilen ýitirim etmeler, ilatyň maglumat elýeterliliginiň çäklendirilmegi ýaly hukuk bozulmalary boýunça aladalaryny beýan etdi.

Britaniýa mundan ozal Türkmenistana berlen teklipnamalaryň ençemesiniň ýerine ýetirilmändigini belläp, bu ýurda gynamalara garşy goşmaça teswirnamany ratifikasiýa etmegi, mejbury zähmeti gadagan edýän kanunçylyk namasyny kabul etmegi, hem-de maglumat elýeterliliginiň we ýygnanyşmak azatlygynyň öňüni baglaýan çäklendirmeleri aradan aýyrmagy teklip etdi.

Ähliumumy döwürleýin synda çykyş eden ABŞ wekili Türkmenistanda ilatyň maglumat elýeterliliginiň çäklendirilmegi boýunça alada beýan etdi.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hökümetini raýatlaryň has giň maglumat elýeterliligi bilen üpjün edilmegini gazanmak üçin, hem-de aýdyňlygy we aç-açanlygy artdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, garaşsyz media serişdeleriniň hem-de raýat jemgyýetiniň öňündäki päsgelçilikleri aradan aýyrmagy teklip etdi.

ABŞ Türkmenistana zor bilen ýitirim edilenleriň ählisi, şol sanda türme möhleti tamamlanan adamlar barada olaryň maşgala agzalaryna we adwokatlaryna maglumat bermegi, garaşsyz barlagçylara ýurduň türme ulgamyna baryp görmäge rugsat bermegi, hem-de ýurtda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamyny aradan aýyrmagy teklip etdi.

Fransiýa Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynyň demokratiýanyň hiç hili ösüş alamatyny görkezmändigine gynanç beýan etdi.

Beýleki demokratik ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda fransuz wekili hem Türkmenistanda raýatlaryň senzurasyz Internet bilen üpjün edilmegine we pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmazlygyna kepil geçilmegini teklip etdi. Şeýle-de, Fransiýa Türkmenistany zor bilen ýitirim etmeler boýunça halkara konwensiýa hem-de gynamalara garşy goşmaça teswirnama goşulmaga çagyrdy.

Germaniýa türkmen tussaghanalaryndaky ýaramaz şertlere hem-de söz-beýan azatlygynyň, maglumat azatlygynyň we hereket azatlygynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada beýan etdi.

Kanadanyň wekili ýokarda agzalan meseleler bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada beýan etdi.

Günbatar ýurtlaryndan tapawutlylykda, Russiýa, Eýran we Hytaý ýaly awtoritar ýurtlaryň wekilleri Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklaryny ösdürmek ugrunda gazanylandygy aýdylýan özgertmelere hoşallyk beýan etdiler.

Russiýa Türkmenistanyň adam hukuklary bilen bagly kanunçylyk gurallaryny güýçlendirmek tagallalaryny gutlady. Hytaý Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we goldamak boýunça alyp baran “öňegidişlik tagallalaryna” hoşallyk bildirdi. Russiýa we Hytaý esasan türkmen wekiliýetine halkyň durmuş-ykdysady hal ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrunda birnäçe teklipnama hödürledi.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa we adam hukuklary bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa ýygnakda aýdylan teklipnamalara we belliklere jogap berip, Türkmenistanda gender deňligi, aýal-gyzlaryň hukuklary, çagalaryň hukuklary, maýyplaryň hukuklary we iş mümkinçilikleri, inklýuziw bilim we beýleki ulgamlarda “möhüm işleriň” durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Ol Türkmenistanda hereket edýän käbir halkara guramalarynyň edaralary bilen degişli ugurlarda hyzmatdaşlyklaryň, bilelikdäki taslamalaryň we okuw sapaklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmen häkimiýetleri ynsan hukuklaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny depelemekde ýyllar boýy tankyt edilýär. Mälim bolşy ýaly, hususan-da soňky ýyllarda Türkmenistan aýal-gyzlaryň hukuklaryny kemsitmekde has giň tanaldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklary, gender deňligini ýagdaýy barada yzygiderli habar berýärler.

Atajanowa öz çykyşynda Türkmenistanda maşgala zorlugy bilen bagly ýagdaýlara salgylanyp, bu ugurda ýörite barlag işleriniň geçirilendigini hem-de gender deňligi boýunça habarlylyk kampaniýalarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýatlasak, geçen ýyyň awgustynda Türkmenistanyň hökümetiniň maliýe hemaýaty bilen hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Aşgabatdaky britan ilçihanasynyň goldawy bilen “Türkmenistan: Maşgalalarda aýalyň durumy we saglygy” at bilen hasabat çap edildi.

“Bu barlag işinde maşgala zorlugy meselesine esasy üns gönükdirildi. Maşgala zorlugy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde aýrybaşga, özbaşyna jenaýat hökmünde girizilmeýär. Bu ugurda aýratyn, özbaşyna kanun ýok. Muňa garamazdan, aýallara garşy zorlugyň öňüni almak üçin tagalla edilýär we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň beýleki maddalary bu jenaýaty öz içine alýar” diýip, Atajanowa aýtdy.

Türkmen wekiliýetiniň agzasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralary bilen bagly teklipnamalara jogap berdi.

Ol Türkmenistanyň öz türme ulgamynda şertleri gowulandyrmak ugrunda Halkara Gyzyl haç komiteti we beýleki degişli edaralar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Birnäçe daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet toparlary öz teklipnamalarynda türkmen hökümetini özüniň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralaryna garaşsyz barlagçylaryň baryp görmegine rugsat bermäge çagyrdylar. Haljanow öz çykyşynda şeýle çagyryşlara jogap berdi we bu ugurda käbir seýrek maglumatlary paýlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ynsan hukuklary boýunça halkara hasabatlarda ýaramaz türme şertleri, eden-etdilikli tussag etmeler, tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşilmegi, zor bilen ýitirim etmeler ýaly gödek kemsitmeler boýunça tankyt edilýär.

Haljanow Türkmenistanyň türme ulgamynda şertleri gowulandyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Halkara Gyzyl haç komiteti we beýleki edaralar bilen on ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini, 2011-nji ýylyň iýul aýynda Halkara Gyzyl haç komitetiniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bir düzediş edarasynyň saglyk desgasyna saparynyň guralandygyny aýtdy.

“Türkmenistan bu ugurda Halkara Gyzyl haç komiteti bilen we beýleki taraplar bilen on ýyldan gowrak wagt bäri işjeň hyzmatdaşlyk edýär.Eýýäm 2011-nji ýylyň iýul aýynda Halkara Gyzyl haç komitetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bir düzediş edarasynyň saglyk desgasyna baryp gördüler we ol ýerde saklanýan adamlaryň tussaglyk şertleri bilen tanyş boldular. 2012-nji ýylyň 7-nji aprelinde Halkara Gyzyl haç komitetiniň wekiliýet topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralarynyň birine aýlanyp gördüler we şertler bilen tanyşdylar.

Delegatlar şol döwürde heniz gurluşygy dowam edýän bir türmäniň gurluşyk meýdançasyna-da baryp gördüler” diýip, Haljanow aýtdy.

Ol bu saparlary Halkara Gyzyl haç komiteti bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyga mysal görkezdi.

“Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanda akkreditirlenen birnäçe diplomatik missiýanyň haýyşy boýunça, Ahal welaýatynda ýerleşýän bir düzediş edarasyna adaty sapar guraldy.Bu çärä Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanalarynyň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Diplomatlara türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň tussaglyk şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.Bu tejribe 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda mundan-da beýläk dowam etdiriler.Degişli kanun goraýjy edaralar düzediş edarasyndaky tussaglyk şertlerini barlap görmekleri üçin, belki-de, ösdürmek üçin, Halkara Gyzyl haç komitetini, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasyny, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa Bileleşigini hem-de beýleki degişli halkara guramalaryny çagyrmagy meýilleşdirýär” diýip, Haljanow aýtdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G. Weliýew hem öz çykyşynda içeri işler edaralarynyň ygtyýarlygyna girýän käbir meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň türme şertleri barada maglumat berdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň türme ilatynyň çakdanaşa köpdügi baradaky maglumatlary ret etdi we şeýle beýanatlaryň “näbelli çeşmeler” tarapyndan ýaýradylyp, megerem, “öz haýryna çapýan” maksatlara gönükdirilendigini aýtdy.

“Türme ilatynyň çakdanaşa köpdügi barada aýdylanda, men türmeleriň ilatynyň çakdanaşa köpdügi baradaky beýanatlary ret edip, faktlary hödürlemek isleýärin.Birinjilik bilen, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda birnäçe düzediş edarasyna gaýta-gaýta sapar eden ilçileriň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň hasabatlaryna ser aýlasak, şeýle esassyz beýanatlar, megerem, tassyklanylyp bilinmez.

Ikinjilik bilen, bar bolan şeýle beýanatlar resmi däl we olar näbelli çeşmeler tarapyndan ýaýradylýar.Biz olaryň Türkmenistan babatynda öz haýryna çapýan maksatlara gönükdirilendigini aradan aýyrman bilmeýäris” diýip, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynda adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilen ýygnakda aýtdy.

Weliýew Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilmegi bilen bagly ýagdaýlara-da düşündiriş berdi.Onuň sözlerine görä, bir döwür Türkmenistanda köp sanly aýal-gyzyň sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan awtoulag dolandyrýandygy anyklanypdyr we bu ýagdaý içeri işler edaralaryny derňew geçirmäge, aýal-gyzlaryň awtoulag dolandyrmak hukugyny bolsa wagtlaýyn çäklendirmäge iteripdir. Ýöne bu çäreleriň yz ýany, aýal-gyzlara gaýtadan sürüjilik şahadatnamalary berlip başlanypdyr.

Hasabat döwründe, ýagny 2018-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 9721 zenan maşgala sürüjilik şahadatnamasy berlipdir.

"Bu çäreleriň çäginde ýol polisiýasy belli bir wagt aralygynda zenanlary saklap, olarda sürüjilik şahadatnamasynyň we sürüjide bolmaly beýleki serişdeleriň bardygyny ýa ýokdugyny seresaplylyk bilen barlady. Bu olaryň jynsyna garamazdan amal edildi. Şu günki gün barlag doly tamamlandy. Netijede, zenan sürüjiler [ulaglary] dolandyrýarlar" diýip, Içeri işler ministrliginiň wekili aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň basgylanmagy, şol sanda olaryň häkimiýetler tarapyndan sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilmegi barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Türkmen wekiliýeti media azatlygyndan, Internet azatlygyna, azlyklaryň hukuklaryndan maýyplaryň hukuklaryna çenli başga-da bir topar ugurda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna üns çekildi
Taryhda yz goýjak ajap döwrüm bar, Döwüri wasp edýän aýdym, şygrym bar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar