Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň ýurtdan çykmagy has kynlaşýar. Fewral aýynda raýatlar daşary ýurt pasportlaryny almak işinde goşmaça çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Käbir sebitlerde raýatlara pasport bermekden ýüz öwrülýär, beýlekilerde arza tabşyrmak üçin rugsat berilýän wagt möhleti ep-esli azaldyldy. Bu aralykda, daşary ýurtlara wiza almak hem kynlygyna galýar.

Türkmenistanyň raýaty indi täze pasport almak üçin dokumentiniň möhletiniň gutarmazyndan bir aý öň Migrasiýa gullugyna ýüz tutup bilýär. Ozal pasportyň möhletini uzaltmak üçin alty aý öňünden ýüz tutup bolýardy. Bu barada 27-nji fewralda Turkmen.news habar berdi.

Neşir pasporty taýýarlamagyň möhletiniň hem gijikdirilýändigini habar berýär we dokumentiň adaty 30-45 günüň dowamynda taýýarlanmagy üçin para bermeli bolýandygyny belleýär. "Daşoguzda paranyň mukdary 5000 manatdan başlanýar (bazar nyrhy boýunça 260 dollar), Maryda bolsa nyrhlar 1000 dollara ýetýär. Bu pul köp sanly araçy arkaly migrasiýa gullugynyň işgärlerine geçirilýär" diýlip, habarda aýdylýar.

Fewral aýynyň ortalarynda Döwlet Migrasiýa Gullugynyň raýatlara biometriki pasport bermegi wagtlaýynça bes edendigi mälim boldy. Azatlygyň Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatyndaky bölümindäki çeşmeleri, munyň ýokardan we dilden berlen tabşyryk bolup, bu barada resmi kararyň ýokdugyny mälim etdiler. "Biometriki pasport almak üçin nobatlary ýeten raýatlara býurokratiki päsgelçilikleri döretmek dilden tabşyryldy" diýip, migrasiýa gullugynyň işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sözlerine görä, özlerine dilden edilen görkezmelerde şeýle kararyň sebäpleri dünýädäki dartgynlyk we durnuksyz ýagdaý bilen baglanyşyklydygy aýdylypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri pasportlaryň berilmeginiň wagtlaýyn bes edilmeginiň täze pasport üçin blanklaryň gutarandygy bilen düşündiripdi.

Resmi taýdan tassyklanmadyk ýa-da ret edilmedik bu maglumatlar, Türkmenistandan gitmek üçin biometrik pasport almak isleýän raýatlaryň sanynyň köpelen döwründe ýüze çykdy. Koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlaryň sany wagtlaýynça azalypdy.

Garaşsyz neşir “Turkmen.news” häzir käbir raýatlaryň pasportyň berilmegini çaltlaşdyrmak üçin ozal ulanan hileleri bilen hem çäklendirmeleri ýeňip geçip bolmaýandygyny belleýär.

"Çipi bilkastlaýyn döwüp, soň migrasiýa gullugyna gelip, çaganyň 'pasport bilen' oýnandygyny "ýa-da pasportyň kir ýuwýan maşyna düşüp zaýalanandygy barada zeýrenip bolýardy. Çeşmeler köp sanly raýatyň bu hiläni ulanandygyny belleýärler, hatda migrasiýa gullugynyň işgärleriniň özleri-de müşderilere duýgudaşlyk bildirip, resmi däl söhbetdeşlikde ony "ýuwmagy" maslahat berendigini aýdýarlar.

Resminama zeper ýetirendigi üçin 200 manat jerime tölemeli bolýardy (bazar bahasy 10.5 dollar), şeýdip, gysga wagtyň içinde täze pasporty alyp bolýardy diýlip, maglumatda aýdylýar.

Neşir indi şeýle mekirligiň işlemeýändigini belläp, zeper ýeten pasportlary getirýänlere migrasiýa gullugynyň, onuň möhletiniň gutarmagyna bir aý galanda gelmelidigini aýdýandygyny ýazýar. Mundan başga-da, migrasiýa işgärleri zaýalanan dokument üçin jerime tölemekden başga, psihiatrik keselhanasyndan düşündiriş getirmegi talap edýärler, olaryň aýdyşyna görä, adamyň pasportyny goramazlygy onuň akyl saglygyna şübhe döredýär diýip, Türkmen.news ýazýar.

Pasporty wagtynda almak kynçylygy wiza almakda-da böwet döredýär. Habarda daşary ýurtlaryň konsullyklarynyň ýüz tutýan raýatyň pasportynyň möhleti gutarýança alty aýdan az galan halatynda wiza bermeýändigi bellenýär.

Bu aralykda, "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) häzirki wagtda Türkmenistanyň 10 raýatyndan diňe biriniň Türkiýä wiza alyp bilýändigini habar berýär.

"Gateway International wiza merkezi, 10 adamdan birine wiza berýär. Wizanyň möhleti bir ýyl, onuň dowamynda türkmen raýaty Türkiýä baryp bilýär. Mundan başga-da, onuň möhleti 15 ýa-da 30 gün bilen çäklenýär. Wiza berilmese, ýüz tutan adama munuň sebäpleri aýdylmaýar"- diýlip THF-nyň maglumatynda aýdylýar.

THF syýahat hukugynyň halkara kanunlarynda berkidilendigini belleýär. "Her kimiň islendik ýurtdan, şol sanda öz ýurdundan çykyp, öz ýurduna dolanmaga hukugy bar" - diýlip, guramanyň maglumatynda Adam hukuklary baradaky ahliumumy jarnama salgy berilýär.

Türkmen häkimiýetleri adam hukuklarynyň bozulýandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Türkmen resmileri düşündiriş bermekden gaça durýarka, ýurduň raýatlary pasport hem wiza almakda kynçylyk çekýärler, serhetde esassyz saklanýarlar we ýurduň daşyna çykmakda eden-etdilikli päsgelçiliklere sezewar edilýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Diňle: THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar