Türkmen raýatlary ýer titremede ejir çeken watandaşlary barada habar berýärler, resmi maglumat ýok

Türkmen raýatlary ýer titremede ejir çeken watandaşlary barada habar berýärler, resmi maglumat ýok

Türkiýedäki ýer titremesinden ejir çeken türkmen raýatlary barada maglumatlar peýda bolýar. 6-njy fewralda gije Türkiýede we Siriýada bolup geçen güýçli ýer titremesinde ejir çekenleriň sany şu güne çenli 7800-den geçdi. Pidalaryň sany barha artýarka, Türkiýedäki türkmen raýatlary ejir çeken we ýitirim bolan watandaşlary barada habar berýär. Resmi maglumat henizem ýok.

Azatlyk, Gaziantepdäki we Kahramanmaraşdaky birnäçe türkmen raýaty bilen habarlaşyp, olaryň käbir watandaşlary barada habar alyp bilmeýändigini anyklady. Güýji 7,8 bally ýer titremeleriň merkezi Gaziantep şäherinden 30 km we Siriýa bilen serhetden 90 km uzaklykda ýerleşýän Kahramanmaraş regionynda boldy.

Adynyň efirde agzalmazlygy şertlerinde Azatlyk bilen 7-nji fewralda söhbetdeş bolan bir türkmen studenti özüniň ýagdaýynyň gowudygyny, ýöne azyndan dört watandaşynyň ykbalyny anyklap bilmeýändigini aýtdy.

Ýitirim bolan türkmen raýatlary baradaky habarlar 6-njy fewraldan bäri Twitter, TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlarda hem peýda bolýar. Türkmenler öz hasaplarynda ýer titremesiniň bolan sebitlerinde ýaşaýan we okaýan tanyşlary bilen habarlaşyp bilmeýändikleri barada yzygiderli maglumat çap edýärler. Çap edilen käbir maglumatlarda birnäçe wagtdan soň ýakynlarynyň tapylandygy, kimdir biriniň keselhanadadygy we maşgalalaryna habar berlendigi aýdyldy.

8-nji fewralda ýer titreme zerarly ölenler baradaky habarlar hem peýda bolup başlady. Twitterde ölendigi aýdylýan azyndan bir türkmen raýatynyň suraty, ady we jikme-jik maglumatlary çap edildi. Ölendigi aýdylýan türkmen raýatlarynyň ykbalyny resmi taýdan anyklap bolmady.

Bu aralykda "Türkmen Helsinki Fondy" heläk bolanlaryň käbir atlaryny berýär. "Arslan Babaýew, Aýmyrat Geldiýew, Mähri Arzakowa, Azat Jumaýew, Ruslan, Nazar - hemmesi Kahramanmaraş şäherinden. Gulsoltan gözlenýär. Hataý şäherinden 27 ýaşyndaky Aýnabat Piriýewa ýaralandy" diýlip THF-nyň maglumatynda aýdylýar. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatynda, bu habaryň entek barlanýandygy we takyklaşdyrylmagyna zerurlygyň bardygy bellenýär.

Bu aralykda, türkmen raýatlary öz watandaşlaryna kömek etmek üçin sosial media arkaly käbir çäreleri guramalaşdyrýarlar.

Türkmenistanyň raýatlaryndan bolan meýletinçiler ýer titremesinden ejir çeken watandaşlary barada maglumat bermek üçin telefon liniýasyny açypdyr.

“TikTok” ulgamyndaky wideolarynyň birinde ejir çekenleriň sanawy çap edilip, onda türkmen atlary hem görkezilýär.Sanawda, hususan-da ýagdaýy agyr bolan Türkmenistanyň raýaty 27 ýaşly Aýnabat Piriyeýewanyň ady bar. Ýer titremesinde heläk boldy diýlip, bir zenan maşgalanyň ady hem agzalýar. Ölendigi we ýaralanandygy aýdylýan raýatlar, olaryň sany we ýagdaýy barada goşmaça maglumat alyp bolmady.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy bu sanaw bilen bagly çap edilen maglumatda görkezilen telefon nomere jaň edende, diňe sanawdaky adamlaryň hossarlaryna maglumat berilýändigini aýdyldy.

Sosial mediadaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýatlary ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak üçin Stambulda ýörite nokatlary gurapdyr.Hususan-da, Abdi Ipekçi köçesiniň 61-nji binasynda ýerleşýän "Aýmelek" atly içki geýim dükanynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen birnäçe halta ynsanperwer kömeginiň ýygnalandygyny görkezýän wideo çap boldy.

Meýletinçiler tarapyndan kyn ýagdaýa düşen adamlar üçin toplanan zatlaryň arasynda ýyly eşikleri we azyk önümleri bar.

Sosial ulgamlardaky maglumatlarda Türkiýede ýaşaýan türkmenleriň awtobuslara münüp, ejir çeken watandaşlaryna kömege howlugýandygy hem aýdylýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer titreme netijesinde düşen ýagdaýy barada türkmen resmileri tarapynda resmi reaksiýa bolmady. Bu ýagdaý Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerine hem gozgalmady.

Bu aralykda, türkmen döwlet habar serişdelerine görä, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyrylypdyr. 7-nji fewralda agşam çap bolan bu resmi maglumatda, daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly diýilýär.

Türkmenistanyň Türkiýä berýän kömegiň düzümi we mukdary bu resmi habarda anyklaşdyrylmady.

Bu aralykda, türk resmileri sişenbe güni irden ýer titremesinde ejir çekenler üçin halas ediş topary we zerur enjamlar bilen bir uçaryň Aşgabatdan Türkiýä gidendigini mälim etdi. Bu barada 7-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral öz twitter sahypasynda ýazdy.

Şeýle-de, türk metbugaty, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärlerine salgylanyp, bu agzalan uçarda 10 adamdan ybarat lukmançylyk toparynyň we zerur dermanlaryň bardygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy türkmen raýatlarynyň ýagdaýy, olara göz öňünde tutulan kömek barada maglumat almak üçin Stambuldaky türkmen konsullygy bilen habarlaşmaga çalyşdy, emma häzirlikçe maglumat alyp bilmedi.

Türkiýede Türkmenistanyň ýüzlerçe müň raýaty ýaşaýar. Türk Migrasiýa Gullugynyň iň soňky maglumatlaryna görä, ýurtda kanuny taýdan 222,000 adamdan gowrak türkmen bar. Resmi däl çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmenleriň umumy sany resmi maglumatlardan birnäçe esse köp.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly zenan ýer titreme barada: "Biz aman galdyk. Ýöne beýlekilere näme boldy?"
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär
2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Sudokuny nähili çözmeli?