Türkmen radio ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy

Türkmen radio ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy

Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda ýükläp almak üçin elýeterli boldy.

Ykjam goşundyny işletmek bilen, ulanyjy Owaz, Watan, Çar tarapdan hem-de Miras radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp biler.

iOS operasion ulgam üçin niýetlenen bu programma radioýaýlymyň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam edýär.

Internet dükanynda goşundy ulanyjylara tölegsiz ýetirilip, ony iOS 12.0 hem-de ondan ýokary bolan smartfon täzelenmelerinde diňläp bolýar. Radioýaýlymlara birikmek üçin goşunda girmek arkaly internete birikmek gerekdir (EDGE, 3G, LTE hem-de Wi-Fi).

Bu babatda ozal hem ykjam goşundynyň Android operasion ulgamly smartfonlar üçin ýetirilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Google Play internet dükanynda türkmen radiosy elýeterli boldy
Iner Store onlaýn-dükanyna amatly bahadan elektrik ýyladyjylary gelip gowuşdy
Ykjam jübi teleskopy döredildi
Onlaýn taksi we Duralga hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy
Sowuk howanyň adama täsiri