Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?

Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?

19-njy aprelde prezident wezipesini resmi taýdan girişenine bir aý dolýan Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde ýeralmadan we beýleki gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça 'birnäçe tabşyryk' berdi.

Emma synçylar, Russiýa-Ukraina urşy zerarly döreýän global azyk aladalarynyň arasynda, Türkmenistandaky azyk meselesini çözmek boýunça ne martdan öň, ne-de soň anyk gürrüň edilendigini, 'importuň ornuny tutýan önümler' meselesini ol ýa-da beýleki görnüşde hökman çözmeli boljakdygyny, garyplygy we açlygy hiç kimiň 'gowy görmeýändigini' ýatladýarlar.

Nobatdaky azyk gürrüňi wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe berlen käýinjiň we oba hojalygy boýunça prezident geňeşçisi wezipesiniň döredilmeginiň yz ýanyndan edildi. Oba hojalygy boýunça ýokardan berilýän 'birnäçe tabşyryklar' ozal sowet obalaryny, soňra türkmen obalaryny batyran 'komanda-buýruk dolandyryşynyň' ýaş prezident döwründe hem saklanyp galjagyny yşarat edýär, ol bu meselede hünärmenleriň ýa daýhanlaryň pikirlerini diňlese gowy bolardy diýip, synçylar aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki medianyň hökümet maslahaty barada berýän habarlarynda ne ekinleriň hakyky ýagdaýy, ne ýüpekçileriň tut, ýaprak, jaý we töleg aladalary hakynda anyk zat aýdylýar, diňe, näme üçindir, 'degişli görkezmeleriň ýa-da birnäçe tabşyrygyň berlendigi' bellenýär. Bu öňki prezident döwründe hem şeýle bolupdy.

Onlaýn maslahatynda wise-premýeriň hasabatyny diňlän prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, pile meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça “degişli görkezmeleri” berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlary paýlanýar. Ýöne, öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, ozaly tut agaçlarynyň azlygy, ikinjiden, döwletiň önüme kesýän bahasy pileçiligiň ýene mejbury zähmete öwrülmegine getirer diýip, synçylar aýdýar.

Şol bir wagtda, TDH-nyň ýazmagynda görä, öňki prezidentiň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Emma synçylar raýatlaryň hasabyna ekilen bag nahallarynyň köpüsiniň guraýandygyny, yssy howaly ýurtda köp ekilýän arçalara derek tut agaçlarynyň, miweli baglaryň ekilmeginiň has peýdaly boljagyny, bu ýagdaýda bag ekmegiň gözboýagçylyga we zyýankeşlige öwrülendigini belleýärler.

Ikinji tarapdan, 8-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýeriň gapdalyndan, sebäbini düşündirmezden, ýene bir wezipe, prezidentiň geňeşçisi wezipesini döredendigini yglan etdi. Bu täzelik irki prezident saýlawlaryndan öň, prezident kakasynyň tabşyrygy boýunça bazarlardaky azyk ýagdaýlary bilen tanşan kiçi Berdimuhamedowyň oba hojalygynda nähildir bir özgerişlik etmekçi bolýandygyny aňladaýr.

Bellemeli ýeri, bu mesele ýurduň raýat jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan hem gozgalýar we, eger alsa, ýaş prezidente daşardan hem maslahat berýän, sesini eşitdirjek bolýan bilermenler bar.

Mysal üçin, "Progres.online" neşiriniň hünärmenleriniň ýazmagyna görä, prezidentiň ilkinji 100 gününde edip biljek il-ýurt bähbitli işleriniň arasynda obany ösdürmek üçin görülmeli çäreler hem bar, hususan-da "raýat toparlaryny we raýat başlangyçlaryny döretmek arkaly, oba ýerleriniň ilatyna öz ykdysady we sosial zerurlyklaryny beýan etmäge we çözgüt gözlemäge rugsat bermeli".

Obadaky çözgüt kime we nämä bagly?

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýurtda ýakasyny tanadan çörek, un, azyk we mal iými meselesi Ukraina bilen Russiýanyň arasynda barýan uruş we onuň dünýädäki azyk üpjünçiligine ýetirjek täsirleri bilen baglylykda, kiçi Berdimuhamedowyň oba hojalygy meselesinde kakasyndan alan dabara-şowhun we yrymçylyk 'mirasyna' täze, düýpden başga we, bazar kanunlary esasynda, örän 'sagdyn' göz bilen seretmegini talap edýär.

Ozalky suw inženeri we diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, "prezidentiň oba hojalygy boýunça geňeşçi bellemegi, eger ol öz saýlan geňeşçisiniň üsti bilen ýerlerdäki hünärmenleriň pikirini ýa onlarça ýyl zyýanyna işlän daýhanlaryň arzyny diňlese, ýagdaýyň üýtgemegine getirip biler".

Ýatlatsak, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, näme etmeli bolsa edip, oba adamlarynyň meselesini çözmek wadasyny berdi.

Sebäbi ondan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ömrüniň soňky ýyllarynda öz yglan eden “täze oba syýasatynyň” netijeli bolmandygyny, ýeriň eýesini tapmagyň başartmandygyny, netijede, ýurtda gurlan dokma kärhanalary üçin zerur bolan pagtanyň hem öndürilip bilinmeýändigini açyk boýun aldy.

Şeýle-de ol ýer, suw meselesinde giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany gytaklaýyn tassyklap, öz jogapkärçiligini boýun alman, ýerli häkimleri günäkärledi. Emma synçylar, şol sanda Hudaýberdi Orazow ýaly S.Nyýazow bilen bile işlän hünärmenler Türkmenistanda 30 ýyl gowrak öň başlanan oba özgertmeleriniň hökümet başlygy tarapyndan, bilkastdan, adamlary 'garyp ýa-da hökümete garaşly saklamak' üçin bökdelendigini öňe sürýärler.

"Günä hemişe beýleki emeldarlaryň üstüne ýüklendi we täzelenen resmileriň sany näçe köpeldilse, soňky gelýänleriň öňki emeldarlarça hem bolmazlygy, kompetentsizlik we açgözlük netijesinde, ýerlerdäki daýhanlaryň ýagdaýy şonça kän agyrlaşdy" diýip, N.Hanamow aýdýar.

S.Nyýazow ýaly, G.Berdimuhamedow hem obadaky 'kemçilikleri' tankytlap, ýerleriň şorladylandygyny, hasyllylygyň peselendigini, işleriň netijeli gurnalmaýandygyny bölekleýin boýun alyp, kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmagy dowam etdirdi.Emma bu, ýerli synçylaryň we Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, ýer-suw bilen bagly korrupsiýanyň, pagtaçylykdaky, şol sanda sugundyr ekerançylygyndaky, ýüpekçilikdäki, bag nahallaryny oturtmakdaky mejbury zähmetiň azalmagyna däl, köpelmegine we kadaly bir zada öwrülmegine alyp geldi.

Ýurduň iň uly ekerançylyk sebitleriniň biri bolan Mary sebitinde kemala gelen aktiwist Nurmuhammet Annaýewiň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanda suw, dökün, tehnika meselelerinde kösenýän we hiç wagt zähmetine görä hak alyp bilmeýän oba adamlary ýyl-ýyldan garyp düşdi, işden eli sowan adamlar barha kän zähmet migrasiýasyna ýykgyn edýär.

"Ýer depene ýok, küşt depene bar"

Blogçy N.Annaýewiň ynanjyna görä, türkmen hökümetiniň oba hojalygyndaky 'ýalňyşy' esasan gozboýagçylykdan we giň ýaýran korrupsiýadan ybarat.

“Owadan syýasat, ýagny her ýyl telewizorda ösüşlere beslenýän statistiki maglumatlar bilen, geçen ýyla garanyňda ýüz näçe göterim artdy, şeýle-beýle gürrüňler bilen halky aldap geldiler” diýip, aktiwist hökümetiň aýdýan ösüş sanlaryna oba adamlarynyň gülýändigini belleýär.

“Biziň pagta potratymyz bardy.Mysal üçin, şonuň dökünini aljak bolsaň, oba arçynyna bäş manat bermeli, ...iň soňunda pagtasyny tabşyryňda, bir topar tutum bar, bir gezek külte geçen bolsaň, üç gezek diýip ýazýarlar, azot berilmedik bolsa, ýa ony öz puluňa alan bolsaň, berildi diýip ýazýarlar, suw problemasy hem şeýle" diýip, ol Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlaryň ýyllap aýdýan zatlaryny tassyk edýär.

Annaýew türkmen daýhanlarynyň öz çeken azabyna laýyk gazanç edip bilmeýändigini, emma G.Berdimuhamedowyň prezident bolan ilkinji ýylynda daýhanlaryň gowy girdeji alandygyny, muny hemme daýhanyň bilýändigini we häzir hem ýatlaýandygyny aýdýar. Ýöne ol ýurtda Nyýazow döwründen gelýän bir gepiň, "Ýer depene ýok, küşt depene bar" diýilýäniň umuman dogry bolup galýandygyny öňe sürýär.

"Daýhançylyk gitdigiçe pese gaçýar, telewizorda görkezilýän zatlar, berilýän statistiki maglumatlar ýalan" diýip, Annaýew telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

"Hususyýetçilik näme üçin döreýär, eger hökümet, döwlet bir pudagy oňaryp bilmese, ony hususyýetçilige geçirýär" diýip, ol oba hojalygynda hem indi doly hususyýetçilige geçmegiň wagtynyň gelendigini nygtady.

"...näme ekjegini, näme hasyl aljagyny, goý, erkin bazar gatnaşygy esasynda, daýhanyň özi kesgitlesin" diýip, aktiwist hökümetiň diňe her ýyl nämäni näçeden aljakdygyny aýtmagynyň ýeterlik boljakdygyny, önüm öndürijileriň öz önümlerini amatly ýerinde, halasa döwlete, halamasa bazarda satmalydygyny, şeýle ýagdaýda daýhanlaryň hem özlerine, hem döwlete bähbitli ugra, önüm bolçulygyny döretmäge ugrukdyrylyp biljekdigini çaklaýar.

"Şonda Pakistandan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan gök önüm getirmesiz bolarys" diýip, Annaýew, eger islese, hökümetiň daýhanlaryň suw, dökün, tehnika meselelerini hem iki tarapa amatly ýagdaýda çözüp biljekdigini, munuň üçin Türkmenistanda ýeterlik maliýe serişdeleriniň hem bardygyny, eger maliýe bolmasa, gerekmejek taslamalara her ýyl milliardlarça dollaryň harçlanmajakdygyny öňe sürýär.

Dabaralar, yrymlar we mejbury zähmet

Ýerli hünärmenler oba hojalygyndaky artdyryp ýazmalaryň, korrupsiýanyň uly ösüş sanlary, hasyl toýlary, sergiler, sahnalaşdyrylan dabaralar bilen ýaşyrylmagynyň sowet ýyllaryndan uç alýandygyny aýdýarlar.

Ekiş, hasyl bilen bagly dabaralaryň, din wekilleriniň, ýaşulularyň we medeniýet ulgamynyň işgärleriniň mejbury-meýletin gatnaşdyrylmagynda, doga-dilegler, ylmy esasy subut edilmedik yrymlar bilen 'bezelmegi' S.Berdimuhamedow döwründe hem dowam etdiriljege meňzeýär.

Bu hili dabaralar S.Nyýazow döwründe, onuň şahsyýet kultuny ornaşdyrmak üçin, prezidenti wasp edýän çeper höwesjeňleriň pul baýraklary bilen höweslendirmegi netijesinde ýola goýuldy. N.Annaýewiň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, "Ýer depene ýok, küşt depene bar" diýen gürrüň şol wagtlardan galdy. Synçylar bu 'syýasatyň ýurtda giňden ulanylýan mejbury zähmetiň we kada öwrülip barýan azyk ýetmezçiliginiň 'berk esaslaryny' goýandygyny aýdýarlar.

Ilat üçin döredýän dowamly azyk, ot-iým kynçylyklaryndan başga, mejbury zähmet ýurduň halkara guramalarynyň öňünde alan adam hukuklary borçnamalaryny bozup, yzygiderli tankyt edilmegine hem sebäp bolýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň geçen ýyl boýunça çap eden ýyllyk hasabatynda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda mejbury ýa hökmany zähmetiň, jeza öýlerinden başga ýerlerde kanun esasynda gadagan edilendigine garamazdan, adamlaryň hökümetiň geçirýän dürli çärelerine, şol sanda pagta ýygmaga, , bag ekmäge, gurçuk idetmäge we beýlekilere mejbury ýagdaýda, işini ýitirmezlik ýa-da ujypsyz gazanç üçin gatnaşmaly bolýandygy 'açyk syr' bolup galýar.

Bellemeli ýeri, Türkmenistandaky mejbury zähmet, oba hojalygynda saklanyp galýan netijesiz usullar barada indi halkara hukuk guramalary, žurnalistler bilen birlikde, döwrebap bilim alan türkmen aktiwistleri hem, hem türkmen, hem iňlis dilinde öz pikirlerini we tekliplerini has guramaçylykly, esasly we ýazmaça aýdyp başladylar.

Mysal üçin, “Progres.online” neşiriniň geçen ýyl "Türkmen pagtasynyň boýkoty: nähili çykalga bar?" diýen at bilen çap eden makalasynda nygtalmagyna görä, “Durnukly usullar bilen ýetişdirilen pagta az suw, az himiki dökünler we pestisidler bilen ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde daýhanlaryň, ýygymçylaryň iş şertleri gowulaşýar we daýhanlaryň girdejileri ýokarlanýar”.

Türkmen durmuşynyň 'agyryly' meseleleri boýunça analitiki synlary çap edýän neşir bu meselede Türkmenistanyň duldegşir goňşusynda, Özbegistanda amala aşyrylýan özgertmelere hem ünsi çekýär:

“2020-nji ýylyň hasyl möwsüminden başlap, döwletiň pagta önümçiligini, bahalary we hökmany satuw meýilnamasyny düzgünleşdirmegi ýatyryldy. Ozal mejbury we çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäpli özbek pagtasyna çäklendirmeler girizen Özbek hökümeti ABŞ hökümetiniň we Halkara zähmet guramasynyň öwgüsini gazandy" diýip, neşir sebitde mejbury zähmet meselesiniň çözülmeginde edilýän oňyn synanyşyklaryň Türkmenistan üçin hem 'gowy' bolup biljekdigini ýaňzydýar.

Bu synanayşyklar, ýagny pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy görülýän çäreler, “Progres.online” neşiriniň hem bellemegine görä, Özbegistandaky ýygymçylaryň zähmet hakynyň ep-esli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berdi.

Neşir S.Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde edip biljek il-ýurt bähbitli işleriniň hataryna obalary abadanlaşdyrmak, "oba ýerlerinde köçeleri we infrastrukturany ösdürmek üçin maýa goýmak" meselesini hem goşýar.

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde oba, etrap ýerleriniň abadançylygy babatda edilýän 'uly işleri' tassyklaýan uly sanlaryň getirilmegine garamazdan, oba ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň fotosuratlary, wideoýazgylary hakyky ýagdaýyň milliardlarça dollar harçlanýan Aşgabat töweregi bilen deňeşdirilende gaty gözgynydygyny tassyklaýar.

Dogrudanam, hökümet mejlislerinde aýdylyşy ýaly, obalarda ýaşaýyş, durmuş derejesini ýokarlandyrjak bolsaň, bu meselede çözgüt näme? "Progres.online" çözgüdi söz, pikir beýan etmek azatlygynda, türkmenistanlylara kanunda kepillendirilen hukuklaryň iş ýüzünde berilmeginde görýär.

Analitikleriň öz sözleri bilen aýtsak, "Oba ýerleriniň ilatyna, raýat toparlaryny we raýat başlangyçlaryny döretmek arkaly, öz ykdysady we sosial zerurlyklaryny beýan etmäge we olara çözgüt gözlemäge rugsat bermek" gerek.

Bu 'rugsat', olaryň pikiriçe, oba ýerlerindäki hojalyklar we ýaşlar üçin telekeçilik işlerini açmak, olary dolandyrmak we ýöretmek, şeýle-de kredit almagy ýeňilleşdirmek bilen utgaşmaly.

Mundan başga, ilkinji 100 günde, mejbury zähmetiň we pes iş haklarynyň döremegine ýol açýandygy üçin, welaýat pagta we bugdaý planlaryny ýatyrmaly; Ekerançylyk meýdanlaryny hususylaşdyryp, daýhanlaryň has netijeli işlemegini gazanmaly; Daýhanlara nämäni, nirede we nähili ýetişdirmelidigini hem-de önümlerini kime we näçä satmalydygyny özbaşdak çözmäge erkinlik bermeli diýip, analitikler pikir edýär.

Emma mesele, häzir Polşada ýaşaýan blogçy N.Annaýewiň we Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň soňky 30 ýylda oba hojalygy boýunça 'berk eýelän' pozisiýsynda.

"Bizde daýhana ýol berlenok, bilimlä ýol berlenok, okuwça ýol berlenok, muny köp adam aýdýar, hemme kişi bilýär, ýöne adamlar seslerini çykarmaga gorkýarlar, aktiwistleriň maşgalalaryna azar berilmegi adamlaryň hakyky edýän pikirleriniň orta çykmagynyň öňüni alýar" diýip, N.Annaýew aýdýar.

Onuň pikiriçe, türkmen hökümeti Konstitusiýada berlen haklary bozman, pikirini aýdýan adamlaryň maşgalalaryna azar bermegi bes etse, 'bu zatlary her bir adamdan eşidip' bilerdi.

Bu pikirler bilen Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally hem ylalaşýar.Ol 1990-njy ýyllaryň başynda, öz pikirini açyk aýdandygy üçin, paýtagt Aşgabadyň ýokarsyndaky baýyrlykda bag-bakja edinmek üçin berlen ýerinden mahrum boldy.

S.Nyýazow şol döwürde gazetlerde hususy ýer eýeçiligi, azat bazar gatnaşyklary, daýhana erk bermek, obalary abadanlaşdyrmak hakynda çap edilýän makakalarda öňe sürlen liberal pikirleri goldap, obalara gaz turbalaryny çekmek, şäherde ýaşaýanlara hem bag-bakja üçin ýer bermek kararyna geldi.

Emma ol soň bu pikirini üýtgetdi we aşgabatlylara Berzeňňiniň ýokarsyndan berlen ýerleri yzyna almaga başlady.

H.Hally hökümetiň hakykatda ilaty baýatmak, gurplandyrmak üçin däl-de, garyp, mätäç we iýjek pomidoryny, hyýaryny hem öndürip bilmez ýaly ýagdaýda saklamak üçin işleýäne meňzeýändigini, emma aç ýaşamagy hiç kimiň 'halamaýandygyny', önüm öndürmegiň öňüniň alynmagynyň ýurduň iň gymmatly baýlygy bolan raýatlaryň hem beden, hem ruhy saglygyna garşy edilýän hereketdigini aýdýar.

Raýatlara berlen ýerleriň yzyna alynmagy G.Berdimuhamedow döwründe hem dowam etdi we, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýeri 'wagtlaýyn' diýlip alnan potratçylaryň arasynda täze prezidentden kömege, 'adalatyň dikeldilmegine' garaşýan daýhanlar hem az däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?
Howa gyzýar. Pukara ýaşulular, garry eneler 'tomusdan sag-aman çykmagy' gaýgy edýär
Ýaş prezident on aýda näme gowulyk etdi, nirede ýalňyşdy?