Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ölümi hakyndaky gürrüňleri açyk ýalana çykarman, "Watan" habarlarynda inkär edişi Birleşen Ştatlaryň meşhur "Comedy Central" kanalynda, Trewor Noa tarapyndan alnyp barylýan Gündelik tomaşanyň (The Daily Show with Trevor Noah) esasy temalarynyň birine öwrüldi.
Gündelik tomaşanyň alyp baryjysy Trewor Noa Türkmenistany özüniň "ileri tutýan ýurtlarynyň biri" hökmünde häsiýetlendirýär we bu ýurduň soňky 12 ýylda "diktator Gurbanguly Berdimuhamedow" tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdýar.Satirik soňky hepdelerde türkmen prezidentiniň ýogalandygy barada gürrüň ýaýrandygyny, emma prezidentiň orta çykyp, diridigini aýtmagyň deregine özüniň aktiw dynç alşy hakynda wideorolik taýýarladyp, efire berdirişini sorag astyna alýar.
Onuň pikiriçe, bu wideolaryň hiç biri Berdimuhamedowyň hakykatda diridigini subut etmeýär.Azatlyk radiosynyň habar berşi ýaly, türkmen telewideniýesi 24-nji iýuldan bäri Berdimuhamedow barada birnäçe wideosýužeti efire berdi, olaryň käbiriniň ozalky aýlarda düşürilen we döwlet telewideniýesinde efire berlen wideolary ýatladýandygy aýdyldy. 4-nji awgustda efire berlen wideoda bolsa, Berdimuhamedow birbada at çapýan, maşyn sürýän, aýdym diňleýän, bouling oýnaýan...
gujurly lider hökmünde görkezildi. "Prezidentiň studioda oturyp, aýdym ýazmagy onuň diridigini tassyklamaýar.Men häzir Tupagyň (1996-njy ýylda öldürilen aýdymçy) saz studiýasynda oturan wideosyny görkezip biljek, emma bu onuň diridigini aňlatmaýar... ýa aňladýarmy?" diýip, satirik ritoriki sorag berýär.
Bu türkmen prezidentiniň amerikan satirikleriniň birinji gezek gözüne ilişi däl.Mundan öň, 2018-nji ýylyň noýabrynda ol John Oliweriň hem nazaryna ilipdi we şonda Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde ştanga taýagyny göterip düşen wideosy ABŞ-nyň HBO kanalynynyň “Last Week Tonight” satira gepleşiginiň esasy gülki ýassyklarynyň birine aýlanypdy.