7-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň premýer ministriniň orunbasary we rus hökümetiniň diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko hem-de rus daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin bilen duşuşdy.
Syýasy gatnaşyklar TDH-nyň maglumatlaryna görä, duşuşykda türkmen prezidenti “syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer” ugurlarda türkmen-rus gatnaşyklarynyň oňyn depginde saklanýandygyny aýdypdyr. Şeýle-de ol döwletara gatnaşyklaryň strategiki häsiýetdedigini gaýtalapdyr. Ýangyç-energetika Döwlet metbugaty duşuşygyň barşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyga üns berlendigini habar berýär. Ýöne TDH Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 15-nji aprelde täzeden ýola goýlan gaz söwdasy barada dymyşlygy saklamagy dowam edýär.
Soňky duşuşykda-da bu meseläniň agzalyp agzalmandygy nämälimliginde galýar. Ýatlasak, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy 30-njy iýuna çenli Türkmenistandan 1,155 milliard kub metr gaz satyn aljakdygyny mälim edipdi.
Soňky gaz ylalaşygynyň detallary, eýsem ol wagtlaýynmy, gysga möhletlimi, iýuldan soň Russiýa türkmen gazyny satyn almagy dowam edermi, onuň göwrümi artdyrylamy diýen ýaly soraglaryň jogaby häzirlikçe mälim däl.Radio Free Asia neşiriniň soňky türkmen - rus gaz ylalaşygy barada 6-njy maýda çap eden makalasynda ylalaşygyň “Gazprom Eksport” kompaniýasynyň düýbi Şweýsariýanyň Zurih şäherinde ýerleşýän “Gazprom Schweiz” şahamçasy bilen türkmen tarapynyň arasynda gol çekilendigi mälim edilýär. “Gazpromyň şweýsar şahamçasynyň ylalaşyga dahyllylygynyň sebäpleri aýdylmaýar.
Bloomberg ony “Merkezi Aziýanyň tebigy gazyny ýewropaly müşderilere satýan” hususy kompaniýa hökmünde tanyşdyrýar” diýip, Radio Free Asia neşiriniň makalasynda aýdylýar; söwdanyň gaza bolan talabyň pes möwsüminde, ýagny bahar we tomus aýlarynda ýola goýulmagy sorag astyna alynýar.
TDH bu ylalaşyk barada dil ýarmaýar.Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar Ýokary derejeli rus resmileri bilen Aşgabatda geçiren soňky duşuşygynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda rus diline aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.Döwlet metbugaty prezidentiň sözlerine salgylanyp, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklara ýokary bilim ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary mysal getirýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň mart aýynda daşary ýurt bilim edaralarynyň diplomlarynyň Türkmenistanda tassyklanylmagy barada çykaran kararynyň esasynda, görnüşinden, mundan beýläk Russiýanyň diňe dünýäde ilkinji 1000-lige girýän abraýly ýokary okuw jaýlarynyň diplomlary Türkmenistanda kabul ediler.
Beýleki tarapdan, 7-nji maýda “Türkmenistan” gazeti Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan we beýleki käbir guramalaryň işgärlerinden ybarat toparyň Russiýanyň ýokary bilim edaralaryna tanyşlyk saparyny amala aşyrandygyny habar berdi.Fewral aýynda Türkmenistana eden saparynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň ÝOJ-larynda 30 müňden gowrak türkmen studentiniň bilim alýandygyny mälim edipdi.
DIM-däki duşuşyk 7-nji maýda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşan rus premýer ministriniň orunbasary Konstantin Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisine-de gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, duşuşykda birnäçe resminamalara gol çekildi; Telekeçilik boýunça Türkmen-Astrahan geňeşini döretmek, radio we telewideniýe önümçiliginde hyzmatdaşlyk etmek, hem-de saglyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli resminamalara gol çekildi.