Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, sekiz aýyň işine bagyşlanan ýygnakda hiç bir kemçiligi agzaman, kazylary, prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky kararlara gol çekdi.
Bu mejlis “Freedom Now” guramasynyň 5 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Türkiýeden aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirilip, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen türkmen studenti Ömruzak Omarkulyýewiň derhal we şertsiz azat edilmegine çagyran wagtyna gabat geldi.
Prezidentiň kararyna laýyklykda, ozal Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy bolup işlän Tawus Handurdyýewa Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi; Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy bolup işlän Babajan Welmämedow Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenildi; Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy bolup işlän Ahmetýar Saparow Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi.
Şeýle-de, Geldymurad Rozyýew Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary, Güljan Babanazarowa Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipelerine bellenildi.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy bolup işlän Öwezmyrat Döwletow Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň kazyýetiniň kazysy, Nurgeldi Baýryýew Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýetiniň kazysy, Gurbandurdy Annaýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary, Jemşit Hesenow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary, Döwlet Alowow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerine belendi.
Mundan başga, prezident Köneürgenç etrabynyň prokurory bolup işlän Meýlis Ataýewi Mary welaýatynyň prokurory wezipesine, Serdar Apbekowy Arkadag şäheriniň prokurorynyň orunbasary, Medetmuhammet Rahmannazarowy Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň prokurory, Ymamberdi Nuryýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurory, Röwşen Baýramsähedowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory, Eziz Agaýewi Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory, Myrat Myradowy Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipelerine belledi.
Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, Orazgeldi Golbaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesinden, Nejep Taýlyýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipelerinden boşadyldy.
Döwlet baştutanynyň Ýokary kazyýetiň başlygynyň ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňläninden soň bellemegine görä, bu ugurdaky işler kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, adalatlylyga we hukuk tertibiniň berk ýerine ýetirilmegine, düzgün bozulmalarynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini, şertlerini aradan aýyrmaga gönükdirilmeli.
Synçylar we hökümet tankytçylary türkmen kazylarynyň garaşsyz däldigini, prokurorlar tarapyndan ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlaryň kanun esasynda özlerini goramak mümkinçiliginiň çäkliligini, aklawçylaryň metbugata ýa-da žurnalistlere maglumat berip, öz müşderileriniň hukuklaryny kanun esasynda we açyk gorap bilmeýändigini aýdýarlar.
Şeýle-de, sebitde ilat sanyna iň kän tussag düşýän ýurt hökmünde häsiýetlendirilýän Türkmenistanyň aýyplanýan adamlara mümkin boldugyça agyr jezalary berip, türme, düzediş ulgamyny raýatlary gorkuzmak üçin ulanýandygy öňe sürülýär.
Azatlygyň dürli ýyllardaky tejribesinden belli bolmagyna görä, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, adalatçynyň edarasy, baş kazyýeti we baş prokuraturasy ýurtda dowam edýän kanun bozulmalary barada syzyp çykýan maglumatlar boýunça garaşsyz žurnalistlere düşündiriş bermekden saklanýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.