Türkmen prezidenti Italiýa, Aşgabada döwrebap ýaraglary satýan ýurda sapar eder

Türkmen prezidenti Italiýa, Aşgabada döwrebap ýaraglary satýan ýurda sapar eder

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasy 6-7-nji noýabrda Italiýada resmi saparda bolar, bu sapara görülýän taýýarlyklar barada Ministrler kabinetiniň bäşinji gün geçirilen mejlisinde hasabat berildi. “Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, nebit-gaz we dokma senagatynda, beýleki pudaklarda Italiýanyň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar” diýip, döwlet eýeçiligindäki media hiç bir san getirmezden aýdýar. Şeýle-de ýurduň senagat desgalarynyň döwrebap italýan enjamlary bilen üpjün edilendigi, Türkmenistanyň iki ÝOJ-ynda italýan diliniň öwredilýändigi habar berilýär.

Saparyň çäklerinde hökümetara we pudagara derejelerinde resminamalara, hususy ulgam boýunça resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.Emma türkmen mediasy Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ýarag söwdasy barada hiç zat aýtmaýar.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Italiýa soňky ýyllarda Türkmenistany iň döwrebap ýaraglarlar bilen üpjün edýän we hyzmatdaşlygy gizlin saklamagy başarýan ýurtlaryň birine öwrülene meňzeýär.Derňew maglumatlaryny taýýarlaýan "Bellingcat" açyk-derňew saýty şu ýylyň başynda Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.

Neşir Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna salgylanyp, 2007 2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Bileleşikden 340 million ýewrolyk ýarag satyn alandygyny habar berdi.Bu ýaraglaryň 76 prosentiniň, ýagny 257 million ýewrolyk ýaragyň Italiýadan satyn alnandygyny aýdyp, neşir Italiýanyň Türkmenistanyň iň esasy ýarag üpjünçisine öwrülendigini ýazýar. “Köp ýurt eksport edýän ýaraglarynyň nämelerden ybaratdygy barada Ýewropa Bileleşigine hasabat berýär, ýöne Italiýa hasabat bermeýär” diýip, Bellingcat aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy, 2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy, 2016-njy ýylda bolsa, Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmen prezidenti Italiýa ilkinji saparyny 2009-njy ýylyň noýabrynda, ikinji saparyny 2015-nji ýylyň maýynda amala aşyrdy. 2014-nji ýylyň noýabrynda Italiýanyň premýer-ministri Türkmenistanda iş saparynda boldy.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidenti Italiýa sapar edýär
Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär
“Bellingcat” derňewi: Italiýa Türkmenistana €257 millionlyk ýarag satdy
Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy
Rio-de-Žaneýroda G20 liderleriniň sammiti başlady
Polşanyň karary