Türkmen prezidenti diri, onuň tussaglary hakynda näme aýdyp bolar?

Türkmen prezidenti diri, onuň tussaglary hakynda näme aýdyp bolar?

Şu tomusda Türkmenistanyň hökmürowan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hepdeläp il gözünden uçmagy onuň ölendigi hakyndaky gep-gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy we Aşgabat onuň diridigini subut etmäge çagyryldy.Emma ol 12-nji awgustda gaýtadan peýda bolup, regional maslahata beýemçilik edeninden soň, hukuk toparlary Berdimuhamedowy Türkmenistanda “ýitirim bolan” onlarça adamyň soňky iki onýyllykda tussag edileli ýa sud edileli bäri görlüp-eşidilmedik bendileriň şindi hem diridigini subut etmäge çagyrýarlar. “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýa bu soraga jogap galmak baradaky tagallalaryň öňüni çekýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu kampaniýa 2013-nji ýylda başladylar we şondan bäri olar Türkmenistanyň türmelerinde adamlaryň, 2000-nji ýyllaryň başyndan başlap “köpçülikleýin we yzygiderli” görnüşde ýitirim bolmak faktlaryny dokumentleşdirýärler.

Başda bu kampaniýa onlarça işi dokumentleşdirdi.Barlagçylar, eger ýiten hasaplanylýan tussaga garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berilse ýa-da ölen tussagyň jesedi hossarlaryna gowşurylsa, bu fakt tassyklanylsa, öz sanawlaryndaky ýiten tussaglaryň sanyny kemeldýärler.

Emma ýiten tussaglaryň sany kemelmän, barha uzalmak bilen boldy we 2018-nji ýylyň sentýabrynda, sanawyň soňky gezek täzelenen aýynda tussag edileli bäri görülmedik bendileriň sany 121 adama baryp ýetdi. “Elýeterli bolan maglumatlardan görnüşine görä, Türkmenistanyň hökümetiniň” Berdimuhamedowyň dolandyryşy astynda “adamlary öz türmelerinde ýitirim etmek jenaýatyny dowam etdirýändigi açyk-aýdyň” diýip, hasabatda aýdylýar. “Ýitirim bolan tussaglar tussaghanada ölýärler we olaryň orny täze ýitirim bolan tussaglar bilen doldurylýar, bu adamlar aýdyp-diýip bolmajak derejede ejir çekýärler we gynag görýärler”” diýip, hasabatda bellenilýär. “Olaryň maşgalalary hem öz ýakynlarynyň ykbaly hakynda hiç zat bilmän gynag görýärler.” Kampaniýanyň utgaşdyryjysy we Moskwadaky Demokratiki ösüş we adam hukuklary merkeziniň başlygy Ýuriý Jibladze bu sanawyň “gutulgysyz” ýagdaýda “doly däldigini” aýdýar. “Örän ýüzleý hasaplanylanda hem Türkmenistanyň türmeleriniň içinde ýiten adamlaryň sanynyň birnäçe ýüz adamdygyny aýdyp bolar” diýip, Jibladze AÝ/AR-a aýtdy. “Hakyky görkezijileri...

dokumentleşdirmek örän kyn, sebäbi Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurytlaryň biri bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. “Bu ýagdaýy baryp görmäge we dokumantleşdirmäge halkara hökümetden aýry guramalara ýa-da BMG-niň, ÝHHG-nyň halkara gözegçilerine hem rugsat berilmeýär” diýip, ol aýtdy. “Türkmenistanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasyna, ÝHHG-a, beýleki ýurtlaryň hökümetlerine, Ýewropa Bileleşigine hem galp maglumat berýär” diýip, Jibladze aýtdy. “Olar haýsydyr bir tussagyň türmeden goýberilendigi we içerki sürgüne ugradylandygy hakynda, hamala garyndaşlarynyň onuň ýanyna baryp görendigi barada [gürrüň edýärler]” diýip, ol aýtdy. “Emma bu galp maglumat.

Biz muny bilýäris, sebäbi biz ol diýilýän adamlaryň garyndaşlary bilen habarlaşýarys, olar bize şindem özlerine tussagdaky garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berilmändigini aýdýarlar.” Bu gözlegleriň örän inçeden, barlap bolýan çeşmeler, şol sanda ýitirim bolan we öňki tussaglaryň garyndaşlarynyň, Türkmenistanyň gizlin türmelerinde saklanylýan bendileri gözi bilen gören şahslaryň gatnaşmagy esasynda alnyp barylmalydygyny aňladýar.

Bu çeşmeler köplenç tussaglaryň garyndaşlary ýa-da ýurtdan gaçmagy başaran öňki tussaglar bolup durýar. “Henizem Türkmenistanyň içinde bolan adamlar örän uly repressiýa töwekgelligi astynda galýarlar we gürlemekden örän gaty gorkýarlar” diýip, Jibladze aýtdy.

Durmuşyň ähli ugry prezident tarapyndan berk kontrollykda saklanylýan Türkmenistan azatlyklary we demokratiýa derejelerini ölçeýän halkara görkezijilerinde hemişe iň aşakdaky orunlary alýar. “Freedom House”, Azatlyk öýi guramasynyň esasy azatlyklar boýunça indeksinde Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan hem yzdaky orna düşdi we diňe Siriýadan öňde durýar.

Adam ýok, problema ýok” Ýitirim bolan tussaglaryň biriniň garyndaşy bu mesele barada açyk gürrüň etmek isleýär we ol Baýram Şyhmyradow.Onuň kakasy Boris Şyhmyradow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň dolandyryşy döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministri boldy.

Emma 2002-nji ýylyň noýabrynda ozalky daşary işler ministri döwlet agdarylyşygy synanyşygyna baş bolmakda we Nyýazowyň janyna kast etmäge çalyşmakda aýyplandy.Netijede, hamala bu diýilýän döwlet agdarylyşygy synanyşygyndaky rollary üçin, “noýabrçylar” diýlip bilinýän tanymal türkmenleriň onlarçasyna uzak möhletli türme tussaglygy hökümi çykaryldy we olar şondan soň türkmen türmelerinde ýitirim boldy.

Boris Şyhmyradowdan 2002-nji ýylyň dekabrynda tussag edileli bäri, sud edilmezinden we ýyl kesilmezinden öň bir gezek gören aklawçysyndan başga,ýekeje-de habar bilýän adam ýok.Ol ömürlik tussaglyga höküm edildi, ýogsa şol wagt Türkmenistanyň jenaýat kodeksinde beýle jeza ýokdy.

Hatda Nyýzow 2006-njy ýylda ýogalyp, onuň ornuna Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň hem, Şyhmyradow we beýleki noýabrçylar türmede ýiten adamlar bolmagynda galdy. “2019-njy ýylyň 25-nji maýynda meniň kakamyň 70 ýaşy doldy.

Men onuň häzir nirededigini we oňa näme bolýanyny bilemok” diýip, Baýram aýtdy.Ol kakasy tussag edilmezinden bir ýyl öň Türkmenistandan çykypdyr we şondan bäri ol ýere barmandyr. “Häkimiýetler syýasy tussaglar baradaky maglumatlary diňe açmakdan ýüz öwürmek bilen çäklenmeýärler, olar bu hili tussaglaryň bardygyny hem ret edýärler” diýip, Baýram AÝ/AR-a gürrüň berdi. “Ozalky tussaglaryň birnäçesine Türkmenistandan daşyna çykmak başartdy we olar türkmen türmelerindäki umumy ýagdaýy, iň bolmanda özleriniň bolan ýerlerindäki şertleri gürrüň berdiler” diýip, Baýram aýtdy. “Olaryň gürrüňleri uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenleriň aman galmak, öz saglygyna seretmek mümkinçiliginiň örän azdygy baradaky gamgyn pikirlere iterýär.” Berdimuhamedowyň gol astyndaky türkmen häkimiýetleriniň hereketlerini suratlandyrmak üçin Baýram köplenç ýalňyşlyk bilen sowet diktatory Iosif Staliniň adynda berilýän “Adam ýok, problema ýok” diýen jümläni ulanýar. “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň sanawynda 2002-nji ýylyň aýagynda we 2003-nji ýylyň başynda sud edilen we şondan bäri ykbaly näbelli bolup galýan noýabrçylaryň 60 sanysynyň ady getirilýär.

Olaryň arasynda agdarylyşyk etmäge synanyşan diýilýänlere ýurtdan gaçmaga kömek etmek synanyşygynda aýyplanan iki adam hem bar.Kampaniýa kast ediş synanyşygy diýilýän bilen ilteşikli ýyl kesilen adamlaryň diňe biriniň türmeden boşadylandygyny anyklady, ol noýabrçylaryň biriniň gaçmagyna kömek etmekde günäli tapylan aýal bolup, 2019-njy ýylyň maýynda, türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy. “Olary diri görkeziň” kampaniýasy kast ediş synanyşygynda aýyplanan bendileriň 2002-nji ýyldan bäri dokuz sanysynyň türmede ýogalandygyny anyklady.

Adam hukuklaryny goraýan“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber türmede ýiten noýabrçylaryň köpüsiniň türme möhletleriniň indi tamam bolmalydygyny aýdýar.Emma ol tussaglaryň türme möhletleri ýa uzaldylan bolmaly, ýa-da häkimiýetler olaryň boşadylmaly wagtlaryny bilmezlige salyp, ykballary barada düşündiriş bermekden ýüz öwürýärler.

Konstantin Şyhmuradow, öňki ministriň dogany öz 17 ýyllyk türme möhletini 2020-nji ýylda tamamlar. “Olary diri görkeziň” kampaniýasy daşary ýurt hökümetlerini Berdumuhamedowa basyş görkezip, eger-de diri bolsa, Şyhmyradowyň öz wagtynda azatlyga çykarylmagyny üpjün etmäge çagyrýar.

Emma Baýram Şyhmyradow özünde umydyň azdygyny aýdýar. “Berdimuhamedowyň adamlaryň habardarlygy ýa-da halkara jemgyýetçiliginiň ünsi bilen asla işi ýok” diýip, ol AÝ/AR-a aýtdy. “Ol diňe öz isleýän zadyny görýär we eşidýär.

Ol özüniň “Aýratyn alnan adamdygyna” doly ynanýar we eger biri muny sorag astyna alsa, şobada dowla düşýär.” “Ýaragly güýçler, polisiýa, prokurorlar we sudlar, bularyň ählisi diňe prezidentiň töwereginiň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek üçin saklanylýar” diýip, Baýram aýtdy. “Tutuş ýurt, ol ýa-da beýleki jähtden, dolandyryjy elitanyň bähbitlerine hyzmat edýär.Eger-de kimde-kim meýletin ýa meýletin däl ýagdaýda bu bähbitlere garşy çyksa, mejbury ýitirim edilmegiň pidasy bolup biler.” Baýram Berdimuhamedowyň dolandyryşyny tankyt edýän türkmen raýatlary üçin diňe iki mümkinçiligiň bardygyny aýdýar: “türmede ýitirim bolmaly ýa-da, bagtyň getirse, goş-golaňlaryňy alyp, Türkmenistandan ýitirim bolmaly.”

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Türkmenistanyň türmede ýitenler barada beren wadasyny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar
“Olary diri görkeziň!” söz-beýan azatlygy baýraklaryna dalaş edýän kampaniýalaryň gysga sanawyna goşuldy
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy?
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna “ölüm” haýbaty atylýar