Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleri sakgal goýberýän ýaş raýatlara garşy basyşlaryny gaýtadan güýçlendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji maýda sebitden maglumat berdi.
Sakgal goýberen adamlar howa we demir ýol gatnawlaryna goýberilmeýär, metjitlerde diňe pensiýa ýaşyna ýeten erkek adamlara sakgal goýbermegiň dogry boljakdygy wagyz edilýär.
Bu aralykda, Awaza syýahatçylyk zolagynda işleýän sakgally raýatlaryň sakgaly mejbury syrdyrylýar. Türkmenbaşy şäheriniň köçelerinde polisiýa işgärleriniň gözüne düşýän’ sakgally raýatlar polisiýa merkezlerine alnyp gidilýär, olaryň sakgallary mejbury syrylýar we dagy-duwara’ sakgal ösdürmezlik barada dilhaty ýazmaga mejbur edilýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy häkimiýetleriň sakgala garşy alyp barýan kampaniýalarynyň 15-nji maýda güýçlendirilendigini habar berdi.
Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde polisiýa tarapyndan uçara goýberilmedik 30 ýaşlaryndaky bir erkek adam özüniň sakgaly sebäpli ýolunyň baglanandygyny gürrüň berýär.
“Sakgalyňy aýyr, onsoň uçara münüber! Ýogsa, biz bu bolşuňda seni tanamaýarys. Pasportdaky suratyňda görnüşiň ýaly bol!” diýip, polisiýa işgäri ýolagçynyň uçara goýberilmegine rugsat bermändir.
Bu tabşyrygyň yz ýany, polisiýa raýatyň pasportyny elinden alypdyr we sakgalyny syran halatynda onuň yzyna gaýtarylyp beriljekdigini aýdypdyr.
“Öýüňe bar-da sakgalyňy aýyr, onsoň pasportyňy alyp git!” diýip, polisiýa işgäri uçara goýberilmedik ýolagça ýüzlenipdir.
Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenbaşynyň polisiýa edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri öňden bäri ýurduň çäginde erkek raýatlaryň sakgal goýbermegini çäklendirip gelýär. Häkimiýetler pensiýa ýaşyna ýetmedik adamlaryň sakgal goýbermegini türkmenleriň arasynda däp bolmadyk yslam ynanjy bilen ilteşdirýärler.
“Dini ynanjy üçin sakgal goýan ýaşlara sakgal biziň meshebimizde hökman däl, sen başga dini akymlara uýýaňmy?’ diýen basyşlar dowam edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.
Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daşoguzly bir ýaş ýigit hem özüniň sakgalynyň häkimiýetler tarapyndan mejbury syrdyrylandygyny gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, demirgazyk sebitde häkimiýetler sakgal goýberen köp sanly ýaş raýatlary polisiýa merkezlerine üýşürip, olaryň sakgal-murtuny zor bilen syrypdyrlar.
Ýaş ýigit Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde polisiýa getirilen ähli raýatlaryň sakgalynyň şol bir päki bilen syrylandygyny aýdýar.
Türkmenistanda häkimiýetler onýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň arasynda däp bolmadyk yslam ynanjyna garşy basyş kampaniýalaryny alyp barýarlar.
Türkmenistan dünýewi döwlet bolup, ýurduň baş kanuny raýatlaryň ähli azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny kepillendirýärler. Ýöne türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny gözgyny depelemekde tankyt edilýär.
Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti dünýäde dini azatlyklaryň ýagdaýy boýunça çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistany din azatlyklar babatda “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda saklap galdy.
Türkmenistan ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça hasabatynda 2014-nji ýyldan bäri yzly-yzyna “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda galýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mart aýynda döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edilýändigini, galyberse-de metjide gatnaýan aýal-gyzlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilýändigini habar berdi.
Mundan ozal, häkimiýetler geçen ýylyň oktýabr aýynda sakgal goýberýän raýatlara garşy alyp barýan basyş kampaniýalaryny güýçlendirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.