
Türkmenistanda pensiýa ýaşyndaky raýatlaryň özleriniň diriligini subut etmegi talap edilýär. Döwlet edaralaryna baryp, şahsyýetini tassyklatmaga mejbur bolýan garrylar we maýyplar pulsuz galmak töwekgelçiligi astynda şu günler uly nobatlarda durýarlar.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Balkanabatda özleriniň diriligini subut etmek talaby ýaşy 65-den geçen pensionerlere degişli.
"25-nji ýanwara çenli diridigi hakda kepilnamany pensiýa bölümine alyp barmadyk raýatlara fewralda pensiýa berilmez. Dirilik kepilnamasyny indi maşgala lukmany, öý dolandyryş edarasy we pasport bölümi ýaly raýatlary hasaba alyş bölümlerinden almaly. Bu bölümlerden kepilnamalary almak azyndan 10 güne uzaýar" diýip, balkandaky çeşme düşündirdi.
Bu talaby gyssagly berjaý etmäge synanyşýan pensionerler indki aýda pulsuz galmakdan howatyrlanýarlar. Ýanwar aýynyň soňuna çenli sanlyja günüň galmagy ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagynyň aladalaryny artdyrýar.
"70 ýaşly daýzam bu talap hakda şu gün eşidipdir.Ol maşgala lukmanyny ýerinde tapman, öz kwartalyndaky öý dolandyryş edarasyna baryp kepilnama aljak bolanda, 'ilki maşgala lukmany kepilnama bermeli soň men berip bilýän.
Ikimiz berenimizden soň kepilnamany polisiýanyň raýaty hasaba alyş bölümi - pasport stol edarasyna barmaly. Şol ýerde raýatyň diridigiň hakda gaty kepilnama beriler diýip, aýdypdyrlar.Ol kepilnamany alyp bilse welaýat pensiýa gaznasyna tabşyrmaly.
Ondan soň pensiýa gaznasy pensiýasyny hasabyna geçirip başlaýar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan raýatlar pension edarasyna tabşyrylmaly dirilik kepilnamasyny almak üçin soralýan zerur kagyzlary ýygnamak işiniň çylşyrymlydygyny aýdyp, goşmaça talaplaryň hem bardygyny belleýärler.
"Öý dolandyryş edarasyndan kagyz almak üçin tok, gaz ýaly hyzmatlardan bergim ýok diýen kepilnamany getirmeli. Bolmasa zerur kagyz berilmeýär" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan pensionerler ähli zerur kagyzlary toplamak üçin azyndan iki hepdä golaý wagtyň gidýändigini aýtdylar.
Türkmen pensionerleriniň özleriniň diriligi subut etmegi 2018-nji ýyldan bäri talap edilip başlandy. Diridigini subut etmedik raýatlara pensiýa geçirilmeýär.
Häkimiýetler bu talabyň sebäplerini resmi görnüşde düşündirmeýärkä, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan resmiler bu çäreleriň pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygy üçin edilýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumaty türkmen häkimiýetlerinden resmi görnüşde tassykladyp bilmedi.
Şu günler özleriniň diriligini resmi taýdan subut etmäge mejbur edilýän pensionerler döwletden puluny almakda ýyllarboýy dürli kynçylyklara sezewar bolýar.
Häkimiýetler düzgünleriň üýtgemegi barada ilata habar bermeýärler. Ujypsyz pensiýasyna garaşýan pensionerleriň üýtgän talaplardan habarsyz bolup, pulsuz galýan halatlary seýrek bolmaýar.
Türkmenistanda ilatyň pensiýasy soňky 7 ýyla golaý wagt bäri bank kartlaryndaky hasaplaryna geçirilýär. Käwagt gijikdirilýär.
Ýaşulularyň pensiýalary hasaplaryna wagtynda geçen ýagdaýynda-da ilatyň öz puluny nagtlaşdyrmagy uly problema bolmagynda galýar. Ençeme ýyl bäri ýurtda nagt pul ýetmezçiligi saklanýar. Häkimiýetleriň resmi taýdan boýun almaýan bu problemasy ilatyň, şol sanda garrylaryň bankomatlardan pullaryny nagtlaşdyryp bilmän, pulsuz kösenmegine sebäp bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.