Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi

Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi

Balkanly pensionerlere we maýyplyk boýunça kömek puluny alýan raýatlara nobatdaky pensiýa pullary gelmändir. Pensiýasyna garaşýan raýatlar her aýyň başynda bolşy ýaly bank hasaplaryny barlap görseler, apreliň pulunyň gelmändigini bilip galypdyr. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy häkimiýetler tarapyndan öňünden duýdurylmadyk bu ýagdaýyň jikme-jiklikleri barada 3-nji aprelde habar berdi.

"Türkmenbaşyda her aýyň 1-ne pensiýa we maýyp kömek pullary plastik kartlaryna geçirilerdi, emma şu aýda beýle bolmady. Sebäp welaýat pensiýa bölümi ähli pensiýa we kömek puluny alýan maýyplaryň diridigini kepillendirmek üçin sprawka talap edýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda welaýatynyň kömek pullary hasaba alyş edarasy 2-nji we 3-nji topar maýyp adamlaryň we ähli pensionerleriň özleriniň diridigini subut edýän kepilnamalary pensiýa bölümine tabşyrmagy talap edýär.

Ýerli häkimiýetler pensiýany we kömek pullaryny alýan raýatlardan edilen bu talap barada öňünden duýdurmadylar.

Emma Azatlygyň habarçysynyň ýerli resmilerden anyklamagyna görä, pensiýa we kömek pullaryny hasaplara geçirmezlik barada tabşyryk ýerli banklara 30-njy martda berlipdir. Şeýlelikde, welaýatda pensiýa ýa-da kömek puluny alýan hiç bir ýaşaýjynyň, şol sanda maýyp çagalaryň hasabyna pul geçmädir.

Özlerinden edilýän talapdan habarsyz galan adamlar puluň näme üçin gelmändiginiň soramak üçin pensiýa meselelerine garaýan edaralara ýüz tutmaly bolupdyr.

"Bu mesele bilen 2-nji aprelde pensiýa gaznasyna ýüz tutanlara, şol ýerde işleýän hünärmenler olara şu aýyň 10-dan gijä galman özleriniň diridigi hakynda sprawka getirmelidigini aýdypdyr. 'Ýetişseňiz, 15-nji aprele pensiýa we kömek pullaryňyzy geçirip bereris' diýipdir. Pensioner garrylar we maýyp adamlar gaty kösenýärler" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Pensionerleriň özleriniň diridigini hasaba aldyrmak talaby 2018-nji ýyldan bäri ençeme gezek edilipdi. Adatça duýdansyz, ýagny häkimiýetler tarapyndan raýatlara resmi derejede duýduryş berilmezden geçirilýän bu çäre, ujypsyz pensiýa puluna zordan gün görýän adamlara goşmaça agram salýar.

"Bu býurokrat sistemadan ýadadym. Aýdan aýa zordan ýetýäris. Dermanlara we beýleki harajatlara ýetmeýär. Bir müň manat pensiýam bar. 40 ýyl mugallym boldum. Gyzlarym durmuşa çykyp gitdiler, kempirim bilen ýaşaýaryn. Aýalym öý bikesi bolansoň ol 400 manat pensiýa alýar. Olam kesel, menem diabetden ejir çekýärin. Dermana we diýetanyň özüne pul gerek" diýip, Balkanly pensioner aýdýar.

Türkmenistanda minimal pensiýa 500 manat çemesi, ýagny Merkezi Bankyň kursuna görä, 156 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhyna görä, 25 dollara barabar. Türkmen döwletiniň öz pensionerlerine berýän puly Merkezi Aziýada iň pes hasaplanýar.

Türkmen pensionerleriniň sözlerine görä, bu pul azyga we dermanlara ýetmeýär.

"Bagtsyz garrylar. Men özüm ýaly ähli türkmen garrylarynyň aglabasyny bagtsyz hasaplaýaryn. 20-30 dollar pensiýa bilen güzeran görýärler. Men 40 ýyllap işlän ýokary bilimli mugallym bolsam-da 50 dollar pensiýa alýan. Bu pula nädip ýaşap bolýar. Bazar sebedi barada oýlanmaýarmyka hökümet" diýip, pensioner aýdýar.

Türkmen resmileri pensiýanyň möçberi, pensionerleriň ýagdaýy, olardan edýän talaplaryny resmi derejede komentirlemeýärler.

Habarçylarymyz bilen anonim söhbetdeş bolan resmileriň sözlerine görä, bu çäreleriň esasy maksady pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygynyň öňüni almakdan ybarat.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär
Pensionerleriň adyna kredit karzlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar
“Diridigini subut etmedik” lebaplylaryň onlarçasyna maý aýynyň pensiýasy we kömek puly berilmedi
Daşoguzda ýaşululary garrylar öýüne ýerleşdirmek üçin uly nobat döredi
Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar