Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly III halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.Ol medeni syýasatyň amala aşyrylmagyna, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan teatr toparlarynyň 14-sini birleşdirdi.

Biziň ýurdumyza esasy teatr toparlary wekilçilik edýärler.Medeni ulgamy kämilleşdirmek döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, teatr sungatynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6-sy hem-de welaýatlarda 4-si hereket edýär.Teatr toparlarynyň ygtyýarynda ajaýyp, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen binalar bolup, olar islendik tehniki çylşyrymly spektakllary goýmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Medeniýet işgärleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça teatrlaşdyrylan çykyşlary sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen täze binalaryň gurluşygy dowam edýär.Teatrlaryň sahnalarynda žanry we çeperçilik çözgüdi boýunça dürli spektakllar goýlup, olar şol oýunlary döredijileriň sahnada dürli duýgulary we gam-gussalary beýan etmek maksady bilen birleşendir.

Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda milli teatr mekdebi emele gelip, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň teatr sungatynyň şan-şöhratyny artdyrmaga we giňden ýaýmaga uly goşant goşan režissýorlaryň hem-de artistleriň nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň sahna toparlarynyň abraýly halkara bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen teatr mekdebiniň özboluşlylygy milli dramaturgiýa berilýän üns, umumadamzat möçberindäki meseleler arkaly tomaşaçy bilen özara düşünişmäge çalyşmak bilen häsiýetlenýär.Bu gün sungatyň muşdaklaryna gös-göni ýüzlenmegiň iň gowy däplerine eýermek bilen sahna ussatlary köpçülige ynsanperwer maksatlaryny hem-de ahlak gymmatlyklaryny ýetirip, watançylyk, gözellik we ahlak terbiýesini bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýärler.

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly III halkara festiwaly hem milli we dünýä medeniýetine goşulmaga, dünýä meýillerini içgin öwrenmäge hem-de bu ugurda giňden tejribe alyşmaga, artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Baş drama teatry forumyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.Teatryň meýdançasynda dürli öwüşginli çykyşlar festiwalyň özboluşly giriş bölümine öwrüldi.Myhmanlary festiwalyň eýeleri—artistler türkmen halkynyň taryhy şahslarynyň Oguzhanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň we Magtymgulynyň keşplerinde garşyladylar.

Onuň Watanymyzyň ykbalynda eýelän orny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn bellenilýär, şol sanda milli Liderimiziň edebi eserlerinde nygtalýar.Taryhyň dowamlylygy, Watanymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi we röwşen geljegini birleşdirýän ruhy däpleriň arabaglanyşygy ýaly mowzuklar ajaýyp sahnada öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary eziz Watanymyzyň şu gününi aýdymdyr sazyň we tansyň dili bilen wasp etdiler.

Baýramçylyk çykyşynyň ahyrynda ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi türkmen tansy ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň hatyrasyna baý medeniýeti bolan dürli halklaryň wekillerini birleşdiren halkara festiwalyny geçirmegiň esasyny düzen pikiriň ynsanperwerlik ugruny şöhlelendirdi.

Soňra köpsanly tomaşaçylar tarapyndan garşylanan teatr festiwalyna gatnaşyjylar milli lybaslaryna beslenip, öz döwletleriniň baýdaklary astynda meýdançada ýöriş etdiler. Şanly taryha syýahat Baş drama teatrynyň sahnasynda Oguzhan eýýamynyň dürli öwüşginli bezeglerine beslenen çykyşlar bilen dowam edýär.

Artistler Watanymyzyň merdana ogullaryny, baý milli medeni mirasyny, türkmen halkynyň Arkadagy--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri we oňyn başlangyçlary bilen üznüksiz bagly bolan ýurdumyzyň häzirki bagtyýar gününi şöhratlandyrýarlar. Ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalarynyň, medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň ýygnanan tomaşaçylar zalynda döwlet Baştutanymyzyň Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly III halkara festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okalýar.

Milli Liderimiz bu teatr festiwalynyň doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky ruhy-medeni gatnaşyklary giňeltmekde häzirki zaman teatr sungatyny we medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. “Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr.

Geçirilýän bu festiwal hem teatr sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça geljekki meýilnamalaýyn möhüm ugurlary kesgitlemäge, şeýle hem onuň wekilleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam eder.Hut şonuň üçin hem bu halkara teatr festiwalynda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Ýer ýüzüniň dürli halklarynyň milli sahna eserleriniň onlarçasy görkeziler” diýlip hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Gutlag haty ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.Forumyň açylyş dabarasynyň barşynda ýygnananlara festiwala gatnaşýan ýurtlaryň teatr toparlary gutlag çözleri bilen ýüzlendiler.Olaryň her biri özboluşly sahna taýýarlap, onda öz teatrlarynyň döredijilik ruhuny şöhlelendirdiler.

Artistler zal bilen tans, beden-syna hereketleri, aýdym we saz, gurjaklaryň ümleri we elbetde, tomaşaçylarda seslenme döredýän Söz arkaly söhbetdeş boldular.Myhmanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara teatr sungaty festiwalyna gatnaşmaga çakylyk, onuň ýokary derejede guralmagy, türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmekde festiwalyň ähmiýetini bellemek bilen, olar türkmenistanlylara öz döredijilik sowgatlaryny—şu hepdäniň dowamynda paýtagtymyzyň esasy teatrlarynyň sahnalarynda görkeziljek oýunlary sowgat etmäge taýýardygyny aýtdylar.Teatr festiwalyny Alp Arslan adyndaky milli drama teatry açyp, bu ýerde beýik türkmen akyldaryna we şahyryna bagyşlanan “Magtymguly” spektakly görkezildi.

Onuň keşbi we döredijiligi bolsa, ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ençeme neslini ruhlandyryp gelýär.Agşam bolsa, tomaşaçylar Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda görkezilen türkmen-italýan sahna oýnuna—Rujero Leonkawallonyň “Paýasy” opera spektaklyna tomaşa etdiler.

Spektakly italýan režissýory Daniele de Plano sahnalaşdyrdy, esasy partiýany Kaniony tenor Françesko Anile ýerine ýetirdi.Beýleki keşpleri türkmen aýdymçylary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de Döwlet hory sahnanyň sazyny üpjün etdiler.

Spektaklyň uly üstünlige eýe bolmagy döredijilik üçin çäkleriň ýokdugyny, sungatyň güýjüniň bolsa, adamlary birleşdirýändigini hem-de ruhlandyrýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.Sahna hereketleriniň sazlaşygyny we mazmunyny ajaýyp sahna bezegleri üpjün etdi. Şunuň bilen baglylykda, teatr-sahna bezeg sungatynyň festiwala bagyşlanan serginiň esasy gymmatlyklaryň birine öwrülendigini bellemek gerek.

Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynda belli türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň eserleri, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de teatr suratkeşleriniň işleri görkezilýär.Sergide Türkmenistanyň kino we teatr sungatynyň görnükli wekilleriniň portretleri, kinolara we spektakllara bagyşlanan köpsanly suratlar ýerleşdirildi.

Ertir festiwalyň gün tertibi Baş drama teatrynda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň artistleri tarapyndan ussatlyk sapaklary geçiriler, ABŞ-dan gelen “Theatre simple” teatrynyň topary bolsa, paýtagtymyzyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medenýiet institutynyň talyplary bilen ussatlyk tejribesini paýlaşarlar.

Ertirki festiwalyň gün tertibi spektakllaryň ýedisini öz içine alar.Baş drama teatrynda “Döwlet guşy” spektakly Özbegistan Respublikasynyň Döwlet satira teatrynyň “Padarkuş” atly sahna oýny görkeziler.Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda, Pakistan Yslam Respublikasyndan gelen “Maas Foundation” teatr topary “Söýgi kitaby” atly spektakly bilen çykyş eder, agşam bolsa, tomaşaçylar Gazagystan Respublikasynyň “Žastar” teatrynyň “Žibek” atly sazly sahna eserine tomaşa edip bilerler.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Stambulyň döwlet teatrynyň “Gorkut atanyň bir demi” atly sahna oýny görkeziler. Ýaş tomaşaçylar üçin Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Baky rowaýatlar” atly spektakl hem-de Russiýa Federasiýasynyň Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň sahnalaşdyran Balykçy we balyjak barada erteki atly sahna oýun görkeziler.

Sahna sungatynyň halkara festiwalynyň çäklerinde Estoniýanyň R.A.A.A.M.teatrynyň “Häzir söýgüniň wagty däl”, Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň (RF) Skripkaly serçe üçin sýuita, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan “Theatre simple” teatrynyň “Kerwen gürrüňleri”, Owganystan Yslam Respublikasynyň Gerat teatrynyň sahnalaşdyran “Ümsümligiň syry”, Eýran Yslam Respublikasynyň Sanan teatrynyň adybir Sanan atly spektakllary görkeziler. Ýaş teatr muşdaklary üçin Kiýew akademiki gurjak teatrynyň Gazlar we guwlar, Täjigistanyň Döwlet respublikan gurjak teatrynyň “Kim günäkär”,

Ekiýat tatar döwlet gurjak teatrynyň Geçi we goýun atly sahna işleri görkeziler.Türkmen tarapyndan festiwala Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň “Binýat”, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň “Leýli we Mejnun” atly spektakllar hödürlendi.

Festiwalyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçiriler. 23-nji noýabrda Baş drama teatrynyň sahnasynda görkeziljek “Domrul” atly spektakl festiwalyň jemini jemlär. Şeýle hem şol gün geçiriljek döredijilik forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň topar ýolbaşçylarynyň we teatr işgärleriniň iş maslahatynda sahna sungatyny ösdürmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine garalar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly III halkara festiwalynyň netijeleri jemlener hem-de ýapylyş dabarasy geçiriler.Myhmanlar Aşgabatda bolýan wagty paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanşarlar, muzeýlere, sergi we söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görerler.

Ýene degişli makalalar

19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Daşary ýurtly teatrlaryň meşhurlygy, kino görmek mejburlygy. Aşgabadyň medeni durmuşynyň aýratynlyklary
4 günde 2 esasy garşydaşyny ýeňdi
Halkara teatr festiwaly: sözsoňy
Aşgabatda görkezilen türkmen-italýan operasy 'sungatyň adamlary birleşdirýändigini' görkezdi
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym