Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow Tailandyň Siraça şäherinde geçen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalyna eýe boldy. Çempionat 16 — 24-nji iýul aralygynda geçdi.
Tejribeli tälimçi Batyr Orazgylyjowyň berk ýolbaşçylygynda türkmen pälwany bu ajaýyp üstünlige 79 kilogram agram derejesinde 11 türgeniň arasynda geçen ýaryşda eýe çykdy.
A.Begenjow ilki bilen Sýunsuke Mizusakini 12:2 hasabynda ynamly ýeňmegiň hötdesinden geldi. Çarýek finalda Gyrgyzystandan Ramazan Iskanderowy 10:0, ýarym finalda bolsa Gazagystandan Ýerhan Beksultanowy 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ildeşimiz final duşuşygynda Eýrandan bolan Majir Heýrabady 10:0 hasabynda ahmyrda goýdy we altyn medal gazandy.
Şunlukda, bürünç medallara 79 kg agram derejesinde bäsleşen gazagystanly türgenler Amit Amit we Ýerhan Beksultanow dagy eýe çykmagy başardy.
Munuň ýaş türkmen pälwanynyň ilkinji üstünligi däldigini belläýliň. Bir aý öň Begenjow Ammanda geçirilen U-23 Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy.
Mundan başga-da, Alp Arslan Begenjow 2022-nji ýylda 65 kilograma çenli agram derejesindäki kadetleriň arasynda Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy we 2023-nji ýylda 71 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.