Türkmen pälwanlary ýakynda Hytaýyň Sian şäherinde göreş boýunça geçirilen Bir guşak — bir ýol atly halkara ýaryşda dört medala mynasyp boldular. Ýaryşa Hytaý Halk Respublikasyndan we Merkezi Aziýa döwletlerinden onlarça türgen gatnaşdy.
Halkara ýaryşda erkin göreş boýunça 86 kilograma çenli agram derejesinde türkmen pälwany Döwlet Orazgylyjowa taý tapylmady.Göreşiň bu görnüşi boýunça 125 kilograma çenli agram derejesinde Zyýamuhammet Saparow kümüş, 70 kilograma çenli derejede Perman Hommadow bilen 97 kilograma çenli derejede çykyş eden Şatlyk Hemelýaýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.
Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda hem orun alan erkin göreşiň ýurdumyzda okgunly ösüşe eýedigini aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda sportuň bu görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony bolan Alp Arslan Begenjow hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — ýeňil awtoulaga mynasyp boldy.
Türkmen türgenleriniň erkin göreş boýunça yzygiderli gazanýan halkara derejeli üstünlikleri olaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerini barha artdyrýar. Çeşme: “Türkmenistan” gazeti /* custom css */ .td_uid_15_673dd17538e6e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673dd17538e6e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }