Jöwüzjan welaýatynyň Howpsuzlyk güýçleriniň koordinasion merkeziniň başlygynyň orunbasary Mohammad Zahir 5-nji awgustda geçiren brifinginde demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda giň gerimli harby operasiýalary geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.Bu barada TOLO News habar berýär.
Ol Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygyny tassyklady. Ýokary derejeli owgan howpsuzlyk resmisi Jöwüzjanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etrabynyň doly Talybanyň gözegçiligindedigini aýtdy.Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şemerdanguly Myrady 7-nji awgustda beren maglumatynda welaýatyň 10 etrabynyň ählisiniň obalarynda jeňçileriň hereket edýändigini aýtdy. “Jöwüzjan welaýatynyň 10 etraby bar. 10 etrabyň hemmesiniň obalarynda jeňçiler hereket edýär.
Goşdepe atly etrap jeňçileriň eýeçiligine geçdi.Derzap etrabynyň hem hemme ýerine diýen ýaly jeňçiler eýeçilik edýär.Akja, Hanaka, Meňejik, Mürdiýan atly etraplaryň ählisinde jeňçiler bar häzirki ýagdaýda” diýip, Myrady Kabuldan habar berdi.
Owgan mediasynyň habaryna görä, Jöwüzjanyň Welaýat geňeşiniň başlygy Babur Eşçi Jöwüzjanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşandygyny aýdyp, muňa garşy hökümetiň welaýatda arassalaýyş operasiýalaryny geçirmegi üçin özleriniň tagalla edýändiklerini nygtady.Azatlygyň Kabuldaky habarçysy Myrady Jöwüzjan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Şybyrgan şäherinde ýerleşýän hökümet güýçleriniň parby postlaryna jeňçileriň häli-şindi hüjüm edýändiklerini aýtdy. “Jöwüzjan welaýatynyň paýtagty Şybyrgan şäheriniň daş-töwereginde-de jeňçiler hereket edýärler.
Jöwüzjan welaýatynyň gorag üçin döredilen harby postlara-da jeňçiler hli şindi hüjüm edýär” diýip, Myrady belledi.Türkmen owgan serhediniň araçäginiň uzynlygy 744 kilometr hasaplanýar.Türkmenistan goňşy Owganystanyň çäginden geçýän Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisi, ýa-da Türkmenistan Owganystan Täjigistan demir ýol taslamasy ýaly iri proýektlere bil baglap gelýär. Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä, Owganystandaky howpsuzlyk şertleriň durnuksyzlygy bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik döredip gelýär.
Owgan mediasynyň maglumatlaryna görä, Jöwüzjan welaýatynyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Mohammad Zahir welaýatda Talybana degişli 123 sany ululy-kiçili jeňçi toparlaryň hereket edýändigini aýtdy.Sebitde has-da ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri ýurtda sentýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýany bolup geçýär.
Galyberse-de, demirgazyk Owganystanyň howpsuzlyk şertleri barada ýokary derejeli rus resmileri mundan ozal çykyş edipdi. Ýatlasak, şu ýylyň maý aýynda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygy Aleksandr Bortnikow Täjigistana eden saparyndan soň, Owganystanyň post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk çäklerinde YD-yň şahamçasyna degişli 5 müň töweregi söweşijiniň ýygnanandygyny aýtdy; serhet howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine çagyryş etdi.
Ondan ozal geçen ýylyň noýabr aýynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Moskwada eden çykyşynda “Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpunyň bardygyny” aýdyp çykyş edipdi. “Jöwüzjan welaýatynda azyndan 10 müň töweregi jeňçi hereket edýändir diýip çak edilýär” diýip, Myrady 7-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.