Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk kadaly ABŞ-ly resmi

Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk kadaly  ABŞ-ly resmi

“Men [türkmen-owgan serhedinde] durnuksyzlygyň ýaramazlaşýandygyna ynanmaýaryn.Elmydama-da kynçylyklar bolýardy we biz köp ýyllyklaryň dowamynda Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhete gözegçiligi ösdürmekde gatnaşyk saklap geldik.

Owganystanyň öz içinde-de bu ugurda işler etdik” diýip, Wells aýtdy. “Biz Merkezi Aziýaly serhetçilere türgenleşik okuwlaryny geçmek arkaly ýardam berdik, biz serhet postlaryny gurmaga kömek etdik.Biz täjiklere, özbeklere we türkmenlere olaryň öz serhetlerine goragy güýçlendirmekleri üçin ýardam berdik.

Bu ýurtlar bilen biziň dowam edýän gatnaşyklarymyz bar ” diýip, amerikaly resmi sözüne goşdy.Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda daşary ýurtly terrorçylaryň söweş meýdanlaryndan yzlaryna dolanmaklary babatda global derejede alada bildirilýär. Şol sebäpden, “Owganystana ýa-da tutuş regiona howp abandyryp biljek adamlaryň anyklanmagy üçin hem-de maglumaty paýlaşmagy güýçlendirmek ugrunda entek bitirilmeli iş köp” diýip, Wells aýtdy. Ýatladyp geçsek, golaýda rus metbugatynda türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygy barada dürli maglumatlar peýda bolupdy.

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) ýolbaşçysy Waleriý Semerikow 21-nji noýabrda GDA-nyň Moskwada geçirilen ýygnagynda Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän araçäkleriniň howpsuzlyk şertlerina alada bildirdi. “Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpy bar” diýip, ol ýygnakda eden çykyşynda aýtdy. “Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) agza döwletler üçin Owganystandaky ýagdaýlar elmydama alada döredýär” diýip, Semerikowyň sözleri Guramanyň websaýtynda sitirlenýär. “Bu ýurt post-sowet döwletlerine geçýän “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň galan söweşijileri üçin, harby hereketlere taýýarlanylýan meýdana öwrüldi.” diýip, Semerikow sözüne goşdy.

GDA-nyň Moskwada geçirilen 6-njy ýyllyk howpsuzlyk ýygnagyna Arkalaşyga agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy.Ondan has ozal Orsýetiň RIA Nowosti habar agentligi GDA-nyň Serkerdebaşylar Geňeşiniň Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde 14-nji noýabrda geçirilen ýygnagyna salgylanyp, türkmen-owgan serhetinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny habar berdi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habar agentliginiň bu habaryny “ýalan” hem-de “dostlukly bolmadyk ädim hökmünde” häsiýetlendirdi.

Agentlik habaryň çap edilmeginden biraz salym geçenden soň, onuň mazmunyna käbir üýtgeşikleri girizdi.Habaryň ilkibaşdaky wersiýasynyň sözbaşynda “türkmen-owgan serhedinde” howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygy aýdylan bolsa, onuň soňky üýtgedilen mazmunynda sözbaşy çalşyrylyp, “Arkalaşygyň günorta çäginde” ýagdaýlaryň ýitileşýändigi aýdyldy.

Ondan has ozal, 7-nji noýabrda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory (FSB) Aleksandr Bortnikow terrorçylaryň Merkezi Aziýa howp abandyrýandygyny aýtdy.Onuň sözleri ýurduň döwlet eýeçiligindäki TASS agentliginde getirildi.

Resmi maglumatlara görä Türkmenistanyň Owganystan serhediniň uzynlygy 744 kilometre deň bolup, mundan ozal hem araçäkde ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri barada habar berlipdi. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde iýun aýynda türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi. Şeýle-de geçen ýylyň iýul aýynyň aýagynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Türkmenistanyň Owganystan serhedinde “Yslam döwleti” ekstremist toparyna agza bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Rus diplomaty: Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryna YD wehim salýar
Moskwada geçirilen ýygnakda türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygyna alada bildirildi
Owgan howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada eden saparynda howpsuzlyk maslahat edildimi?
Rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar
Türkmenistanyň DIM-i türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygy baradaky habarlara reaksiýa görkezdi
Türkmenistan harby ätiýaçdaky serkerdeleri hasaba almak işlerine baryp noýabr aýynda girişdi