Türkmen oppozisiýa wekilleri prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýandyklaryny yglan edýärler

Türkmen oppozisiýa wekilleri prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýandyklaryny yglan edýärler

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleri resmi hasaba almak dowam edýär.TDH döwlet täzelikler gullugynyň maglumatyna görä, 16-njy fewralda MST Oba hojalyk partiýasynyň hödürlän dalaşgäri Agajan Bekmyradowy resmi hasaba aldy.

Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryna daşary ýurtlardaky oppozisiýa wekilleri hem gatnaşmak isleýändiklerini yglan edýärler.

Türkmenistanly belli atşynas we öňki syýasy tussag Geldi Kärizow alternatiw saýlawlar we elektron ses berlişigi geçirmekçidigini aýdýar. Ol häzirki döwürde “Türkmenistanyň raýatlarynyň Hukugy we Azatlygy” guramasynyň agzasy.

Ses berlişigi nähili görnüşde geçirmegi meýilleşdirýändikleri entek belli däl.”Biz häzir saýlawçylarymyzyň howpsuzlygyny üpjün edýän howpsyz maksatnamalary gözlemegi dowam edýäris”diýip Kärizowyň beýannamasynda aýdylýar.

Dalaşgäriň ömri we işi bilen “Türkmenýurt“ saýtyndan tanyşmak mümkin.

“Türkmenistanyň Demokratik saýlaw”oppozisiýa hereketiniň başlygy Myrat Gurbanowyň hem saýlawlara gatnaşmak isleýändigini “Azatlyk” radiosy habar berýär.

Ol Telegramda, IMOda, WhatsAppda we ÝuTube, Facebook sosial ulgamlarynda alternatiw ses berlişigi geçirmek meýilnamalary barada gürrüň berýär.

Gurbanowyň sözlerine görä, bu aksiýa Türkmenistandaky saýlawlaryň bikanundygyny görkezmeli.

Geçen 30 ýylda Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň hiç birinde oppozisiýa wekilleri bäsleşip bilmediler.

Türkmenistanyň Baş Kanunyna laýyklykda, diňe soňky 15 ýylda Türkmenistanyň içinde hemişelik ýaşan raýatlar saýlawlarda bäsleşip bilýärler.

Bu düzgün daşary ýurtlardaky oppozisiýanyň alternatiw dalaşgär bolmagyna mümkinçilik bermeýär.Türkmenistanyň içinde diýdimzor gazaply rejimiň bardygy üçin opposisiýa paritasy ýa-da syýasatçysy ýok.Häzirki häkimiýetleriň syýasy garşydaşlary emigrasiýa gitmäge mejbur bolýarlar.The post Türkmen oppozisiýa wekilleri prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýandyklaryny yglan edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda prezidentlige ýene-de iki sany dalaşgär SEG-nyň we ylmy-önümçilik merkeziniň başlyklary boldylar
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
Kärizow: Atçapyşyk ýene Berdimuhamedowyň mahabatyna öwrüldi
Türkmen türmesinde diri ýiten 112 tussagyň 23-siniň bendilikde ýogalandygy aýdylýar
'Alabaýyň ýadygärligini dikmezden öň, onuň arassa tohumyny gorap saklamaly'
“Halk maslahatynyň” gaýtadan dikeldilmegi häkimiýetiň “kanuny” bir ýumruga jemlenmegine dolanmakmy?