Türkmenistan adam hukuklary babatynda milli kanunçylygy gowulandyrmak halkara standartlaryna ýetirmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Ýaňy-ýakynda Adam hukuklary boýunça bäş ýyllyk milli plan tassyklandy we ombudsmeniň ýyllyk hasabaty çap edildi. Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjylaryň häkimiýetler tarapyndan kabul edilen resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň bolmazlygyna aladalar güýçlenýär.
Türkmenistanyň Adam hukuklary bounça baş wekiliniň 2020-nji ýyla degişli ýyllyk hasabatynda öňki ýyllarda bolşy ýaly kanunyň hökmürowanlygynyň doly hormatlanylýandygy we raýatlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigi aýdylýar. Türkmen Ombudsmeniniň nobatdaky hasabaty 26 aprelde döwlet metbugatynda çap edildi.
Resmi maglumatlarda "Türkmenistan bitaraplyk mekany" şygary astynda geçen ýylda döwletiň adam hukuklaryna uly üns berendigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, resminama jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmek üçin ugunda edilen anyk işleriň arasynda, hususan-da, iki palataly mejlisiň döredilmegi mysal hökmünde görkezilýär. Şeýle hem, global pandemiýa döwründe ýiti ýokanç kesellere garşy göreş bilen baglanyşykly "adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak" we "ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini" gowşatmak üçin çäre görlendigi bellenýär.
Bellemeli ýeri, Türkmenistan ilatyň köpçülikleýin kesellemeginiň fonunda ýurt çäginde koronawirusyň ýokdugyny yglan edýän sanlyja ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň özi milli kanunlary bozup, ýurtda döredilen iki palataly mejlisiň ýokarky öýüne ýolbaşçy boldy.
Ombudsmeniň wezipesi ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy we bu ugurdan özüniň eden işleri barada ýyllyk hasabat bermegi öz içine alýar. Ombudsmen wezipesi 2017-nji ýylda döredilip, oňa deputat Ýazdursun Gurbannazarowa bellendi. Şondan bäri ombudsmeniň ýyllyk hasabaty üçünji gezek çap edildi.
Ombudsmen instituty öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmekde haýsydyr bir döwlet edarasyna we wezipeli adamlara garaşsyz bolup, jogapkärçiligini berjaý etmeli. Emma adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, iş ýüzünde Ombudsmeniň Türkmenistanda alyp barýan işleri beýleki kanun goraýjy guramalaryň işine meňzeýär we garaşsyz edara hökmünde işlemegiň imitasiýasy bolup durýar.
Türkmenistanly adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, Ombudsmeniň häzirki hasabaty adam hukuklarynyň depelenmegine degişli hakyky problemalary görkezmeýär. Raýatlaryň hukuklary problemalarynyň arasynda hereket azatlygynyň çäklendirilmegi we tussaglaryň hukuklarynyň bozulmagy ýaly meseleler çözülmän galýar.
"Ombudsmeniň hasabaty, elbetde, howaýy bir zat. Türmelerde ýitirim bolanlar, olaryň ýakynlarynyň ýüzlenmeleri we köpçülikleýin syýahat gadaganlyklary barada hiç zat aýdylmaýar. Raýatlaryň ýüzlenmeleriniň görkezilen sany ujypsyz"- diýip, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Azatlyga aýtdy.
Türkmen türmelerinde ýitirim bolanlaryň sanawyny ýöredýän "Olaryň diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasy 120-den gowrak adamyň zor bilen ýitirim bolandygyny hesaba aldy. Soňky alty ýylda şolardan 30 töweregi adam aradan çykdy. Olaryň arasynda syýasy sebäplere we korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilen görnükli oppozisiýa işgärleri we öňki ýokary wezipeli adamlar bar.
Türkmenistanly adam hukuklaryny goraýjylar ýene bir möhüm meselä ünsi çekýärler we ýaňy-ýakynda resmi taýdan tassyklanan adam hukuklary boýunça bäş ýyllyk milli planyň henizem köpçülige mälim edilmändigini belleýärler.
"2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasyny tassyklamak" baradaky karara 14-nji aprelde hökümet maslahatynda prezident tarapyndan gol çekdi. Şol maslahatda bu resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanyldy. Emma şu wagta çenli bu plan çap edilmedi.
"Adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasyny tassyklamak baradaky karara gol çekilenden soň, ýeterlik wagt geçdi, ýöne soňky tekst çap edilmedi.Bu, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň öz ileri tutýan ugurlaryny gizlemek we şeýdip adam hukuklaryny goraýjylaryň tankytlarynyň öňüni almak isleýändigini görkezýär. Şeýle-de, hökümetiň adam hukuklaryna degişli iň möhüm meseleleri Milli plana goşmandygy barada dikir döredýär" diýip, hukuk goraýjy aktiwist Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, meýilnamanyň teksti taýýarlyk görülýän tapgyrynda hem adam hukuklaryny goraýjylara elýeterli bolmandyr. Şeýle hem, aktiwist Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Milli planyny taýýarlamagyna kömek eden BMG-nji edaralaryndan hem bu dokumenti alyp bolmandygyny belleýär.
Azatlyk Radiosynyň Ombudsmeniň edarasyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, şeýle hem BMG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasyndan resmi maglumat almak boýunça synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Prezident Berdimuhamedow we türkmen resmileri 14-nji aprelde geçirilen hökümet ýygnagynda eden çykyşlarynda, ýurduň adam hukuklary boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny netijeli diýip atlandyrdylar.
Muňa garamazdan, ÝB, ABŞ we halkara guramalary Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy barada yzygiderli alada bildirýärler, kararlary kabul edýärler we ýurda adam hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini gowulandyrmak üçin teklipleri hödürleýärler.
2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany öz raýatlaryny ýitirim etmek tejribesini ýok etmäge çagyrdy.
2007-nji ýyldan bäri BMG-nyň Adam Hukuklary geňeşiniň alhliumumy döwürleýin halkara mehanizminiň çäginde Türkmenistan her bäş ýyldan bir gezek hasabat berýär. Türkmen wekilleri esasan kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça edilýän işler barada ýyl-ýyldan hasabat berýärler, BMG-nyň wekilleri bolsa, bu kanunlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maslahat berýärler.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.