Türkmen ombudsmany raýatlaryň hukuklaryny goramaýar

Tanymal žurnalist Gurbansoltan Açylowa we onuň garyndaşlary hukuk goraýjy guramalaryň wekilleri tarapyndan yzygiderli repressiýa sezewar edilýärler.

Ol öz hukuklaryny we öz garyndaşlarynyň hukuklaryny goramaga synanyşyp, ýazmaça prokuraturanyň ýerli guramalaryna, Baş prokuratura, MHM-ne, IIM-ne, Migrasiýa gullugyna, ýerli sudlara, Ýokary suda we Türkmenistanyň ombudsmany Ýazdursyn Gurbannazarowa ýüz tutdy.

Ýazdursyn Gurbannazarowa

Açylowa hususan-da, ogly Çary Açylowa (ol maýyp) ýetirilen maddy zyýan boýunça açylan işiň soňuna çenli derňelmegini talap etdi. Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň aprelinde iki sany şahsyýeti näbelli adam onuň awtoulagynyň aýnasyny döwdi.

Emma, IIM-i we Prokuratura Açylowanyň ýüzlenmesine Aşgabat şäheriniň Berkarar etrabynyň polisiýa bölüminde bu fakt boýunça jenaýat işiniň açylandygyny we ähli çäreleriň görlendigini, emma hiz bir netije bermändigini aýdyp jogap berdi. Şunuň bilen baglylykda, jenaýat-prosessual kodeksiniň 308-nj maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, 2017-nji ýylyň iýunynda bu iş boýunça alnyp barylýan derňew bes edildi.

G.Açylowanyň gyzy Maýa Açylowanyň ýurtdan çykmagynyň ençeme gezek gadagan edilmegi barada ýazan arzasyna bolsa, Migrasiýa gullugy jogap berdi.Onda Migrasiýa gullugynyň we beýleki degişli gulluklaryň arzany öwrenendigi we M.Açylowanyň durumyny üýtgetmän galdyrmaly diýen nitejä gelendigi aýdylýar.

Bu Maýa Açylowanyň ýurtdan çykmasyz bolup galýandygyny aňladýar.Güýç gurluşlary şeýle karara gelmekleriniň hiç bir sebäbini görkezmeýärler.

Ombudsmen Ýazdursyn Gurbýannazarowanyň jogaby

Açylowa Türkmenistanyň ombudsmany Ýazdursyn Gurabannazarowadan hem ahyrynda jogap aldy. Emma, ol Açylowa beren jogabynda diňe Prokuratradan, IIM-den we Migrasiýa gullugyndan gelen haty göçürmek bilen çäklenipdir. Ol Gurbansoltan Açylowanyň ogly we gyzy babatynda olaryň gelen netijeleriniň kanunydygyny tassyklapdyr.

Gurbansoltan Açylowanyň ýazan ýüzlenme arzalarynyň ählisi aşakdaky salgyda elýeterli.

1 of 5

Ýene degişli makalalar

Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili wasp etdi?
Türkmenistan we Gruziýa adam hukuklary babatda tejribe alyşdy
Türkmen Ombudsmeni täze hasabatynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini gaýtalady
Reper Akon Türkmenistanda geçirilen konsertde çykyş etdi, Putin Hazar sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, Turkmenportal mobil goşundysyny 100 müňden gowrak ulanyjy ýükläp aldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Türkmenistanda Adalatçynyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty çap edildi