23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistandan 9 türgen 4 ugur boýunça bäsleşer. Şunuň bilen baglylykda, TmCars.info türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek günlerini dykgatyňyza ýetirýär.
24-nji iýulda ilkinji bolup suwda ýüzmek boýunça türgenlerimiz ýaryşa goşular.Bu ýerde Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda, Dariýa Semenowa bolsa 100 metre aralykda bäsleşer. 25-nji iýulda dzýudo boýunça bäsleşikler geçiriler.
Bu ýaryşda 52 kilogram agramda Gülbadam Babamuratowa çykyş eder. 26-njy iýulda 55 kilogram agramda Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça bäsleşige goşular. 27-nji iýulda 59 kilogram agramda Polina Gurýewa agyr atletika boýunça medally orunlar üçin bäsleşer. 31-nji iýulda Olimpiýa oýunlarynda 81 kilogram agramda türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejepow sport meýdançasyna çykar. 2-4-nji awgustda Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça ýaryşa goşular. 3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer. 4-nji awgustda Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna Russiýanyň “Rossiýa 1”, "Perwyý kanal" hem-de “Matç TW” ýaýlymlaryndan tomaşa etmek bolar.