
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Roçester Tehnologiýa institutynyň guramagynda Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen “GENIUS Olympiad — 2023” halkara taslama bäsleşiginde türkmen okuwçylary dört sany medala mynasyp boldular.
“GENIUS Olympiad — 2023” halkara taslama bäsleşigine dünýäniň 63 döwletinden 1100 töweregi okuwçy gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Pirguly Öwezow, Jumaly Jumalyýew hem-de 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ybraýym Annamyradow altyn medala, 97-nji orta mekdepden Dawut Täçmyradow bürünç medala mynasyp boldular.
Şeýle hem Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahmyt Mahmudow, 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Merdan Muhammetorazow, Muhammetnur Saparmyradow, 135-nji orta mekdepden Emir Nuryýew, Şamuhammet Muhammedow, Abdulkaýum Nuryýew 9-20-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen “IGO — 2023” (International Greenwich Project Olympiad) atly halkara taslama bäsleşiginde bürünç medallary gazandylar.