2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,7% artyp, 438 million dollara ýetdi. Bu görkezijä görä, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan soň dördünji orunda durýar. Bu barada GDA-nyň Metbugat gullugy Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika gullugyna salgylanyp habar berýär.
Şu ýylyň mart aýynda Özbegiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwdanyň dört esse artandygyny we geçen ýyl 1 milliard dollardan geçendigini habar berdi. Şeýle hem özbek hökümetiniň agzasy öz ýurdunyň türkmen dokma önümlerini, dökünleri, energiýa çeşmelerini, himiýa we aýna önümlerini satyn almagy artdyrmak isleýändigini aýtdy. Bu barada Orient ýazýar.