2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 75,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,2 million amerikan dollar möçberinde köpeldi.Umuman alnanda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda yzygiderli artýar.
Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 millon amerikan dollara, 2022-nji ýylyň 11 aýynda 877,5 million amerikan dollara, 2023-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 970,1 million amerikan dollara barabar bolupdy.
Hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurduň importynda 7-nji orundan, eksportynda bolsa 18-nji orundan ýer aldy. 11 aýda Türkmenistan jemi 964,9 million amerikan dollarlyk (geçen ýyldakydan 155,3 million köp) harydy özbek bazaryna iberdi hem-de umumy bahasy 110,4 milliona amerikan dollaryna barabar hyzmatlary we harytlary goňşy ýurtdan import etdi.
Umumylykda bolsa Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 6-njy basgançaga ornaşdy.Bu ugurdaky sanawda öňdäki bäşlikden degişli yzygiderlilikde, Hytaý (11 milliard 255 million), Russiýa (10 milliard 681 million), Gazagystan (3 milliard 854 million), Türkiýe (2 milliard 635 million) we Koreýa Respublikasy (1 milliard 809 million) orun aldy.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 11 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 59 milliard 368,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 24 milliard 223 milliony ýurduň eskportynyň, 35 milliard 145 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.