
21 — 27-nji fewral aralygynda Türkmenabat şäherinde Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Özbegistanyň Uzdaily habarlar agentliginiň habar bermegine görä, iş toparynyň mejlisiniň barşynda türkmen-özbek döwletara serhediniň çäkleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
21-27-nji fewralda geçirilen ýygnakda Özbek-Türkmen döwletara serhedini kesgitlemek boýunça işler dowam etdirildi.
Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň geçen gezekki mejlisi 5 — 11-nji ýanwarda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirildi.