Türkmen-özbek serhedinde syýahatçylar üçin maglumat merkezi açyldy

Özbegistana syýahat etmek isleýän Türkmenistandan syýahatçylar üçin maglumat merkezi “Daşoguz-Şawat” barlag nokadynyň çäginde açyldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk ulaglary assosiasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Merkezde Özbegistana barmazdan ozal ähli zerur maglumatlary, şol sanda ýurtda bolmagyň tertibi, medeni, güýmenje we köpçülikleýin çäreler, syýahatçylyk ýerleri, dynç alyş üçin meşhur ugurlar barada maglumat alyp bilersiňiz.

Şeýle hem syýahatçylar awia we demirýol biletlerini, myhmanhanalarda otaglary sargyt edip bilerler, Özbegistanyň çäginde internet hyzmatlaryndan peýdalanmak hem-de sim-kart satyn almak üçin tölegler edip bilerler.

Merkeziň hünärmenleri Özbegistana barýan myhmanlara “E-mehmon” (“E-myhman”) ulgamynda hasaba durmaga kömek ederler.

Merkez Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde mümkin boldy.

Özbegistanyň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 29,5 müň Türkmenistanyň raýaty syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana bardy. Hasabat döwründe Özbegistan 3,1 million jahankeşde kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar-aprel: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $288 milliona deň boldy
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288 million dollardan gowrak boldy
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Özbegistana çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ilkinji nobatda özara gelim-gidim ýeňilleşdirilmeli synçy, telekeçi
Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi