Türkmen-özbek işewürler maslahaty

Şu gün “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi.

Özbegistanyň Maýa goýumlar baradaky döwlet komiteti hem-de iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan işewürlik duşuşygy netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmeginiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolup, goňşy döwletleriň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, oba we suw hojalyk, senagat, awtomobil we demir ýol ulaglary, gurluşyk we binagärlik, energetika, aragatnaşyk, dokma senagaty, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynyň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Aşgabatsyýahat” we “Lebapsyýahat” syýahatçylyk kärhanalarynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Ştrihkodlaşdyrmak boýunça milli guramanyň, Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlarynyň, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy we Himiýa institutlarynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri girizildi.

Özbegistanyň paýtagtyna gelenleriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, “Myrat bina gurluşyk”, “Hasar”, “Şerbetli Ak Gar”, “Ak ýaprak”, “Ajaýyp Ussat-Halal Önümleri”, “Owadan Ülke”, “Muhammet-Balkan”, “Ýigit”, “Ak Gaýa”, “Ýüpek Ýol Harytlary”, “Sowukgöz”, “Halys”, “Halk Market” hojalyk jemgyýetleriniň, “Ýüpekçi”, “Nurly Meýdan”, “Derýaplastik”, “Parasatly”, “Berk Ojak” kompaniýalarynyň, “Abadan Haly”, “Hazar balyk” we “Maksat Deri” paýdarlar jemgyýetleriniň, “Hoşzaman”, “Parahat”, “Owadan-Syýahat”, “Zehin”, “Çigildem”, “Biýat”, “Ynamly Belentlik”, “Ukyply Kärdeşler” kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenleri, hususy telekeçiler bar.

Özbek tarapyndan maslahata döwlet düzümleriniň — Ykdysadyýet, Daşary söwda, Suw hojalygy, Maglumatlar tehnologiýalary we kommunikasiýalary ösdürmek boýunça, Oba hojalygy, Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Maýa goýumlar, Binagärlik we gurluşyk, Syýahatçylygy ösdürmek döwlet komitetleriniň, Gümrük komitetiniň, Daşkent şäheriniň häkimliginiň, Daşary ykdysady iş milli bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem 80-den gowrak iri kärhananyň, holding kompaniýalaryň, energetika ulgamynda ýöriteleşdirilen paýdarlar jemgyýetleriniň, metallurgiýa, howa gatnawlary, demir ýol gatnawlary, nebitgaz, awtomobil, himiýa, derman senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, azyk önümleri, aýakgap, mebel, dokma, haly, gön, plastik önümler we beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bolan şu gezekki döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalaryň uly toplumy goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna, giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna üýtgewsiz taýýardyklaryny tassyklady.

Dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Adham Ikramowyň belleýşi ýaly, Özbegistanda Türkmenistana sebitde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýar hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi goldanylýar.

Şeýle hem 2018-nji ýylyň üç aýynda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55 göterim artandygy bellenildi.

“Şeýle ösüş depgini iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy netijesinde mümkin boldy, geçen ýyl Özbegistanyň 40-dan gowrak wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanda boldy” diýip, A.Ikramow belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri ýygnananlary milli ykdysadyýeti ähli pudaklara iň täze tehnologiýalaryň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilmeginiň, hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagynyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrdylar. Şunda daşary ýurtly, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa döwletlerinden hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Özbegistan Türkmenistanyň işewür adamlary üçin möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaş bolup durýar. Çäklerinden Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlary geçen ýurdumyzyň telekeçileri bilen barha ösýän gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly ähmiýete eýedir diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde biziň döwletimiz köp ýyllaryň dowamynda ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini görkezýär.Iri taslamalaryň onlarçasy, şol sanda transmilli gaz geçirijileri, gazhimiýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we dokma toplumlaryny, gurluşyk senagatynyň kärhanalaryny we beýlekileri gurmagyň taslamalary amala aşyryldy we bu işler ýene dowam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 42 milliard dollaryndan gowrak bolan senagat we durmuş maksatly desgalaryň 1600-den gowragy gurulýar, olaryň 99 göterime golaýyny ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary bina edýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýynyň artmagyna köp babatda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, kuwwatly serişde-çig mal binýady hem-de halkara hukuk kadalara laýyk gelýän, maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän kanunçylyk ýardam edýär.

Türkmenistan ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, amatly geoykdysady ýagdaýa eýedir. Şuny nazara almak bilen, ýurdumyzda döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümi döredildi.Hususan-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän demir we awtomobil köprüleri, Aşgabatda we welaýatlarda gurlan Halkara howa menzilleri ulanmaga berildi.

Içerki awtomobil ýollary hem halkara ölçeglere laýyk getirilýär. Ýakyn wagtda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly terminallary bolan täze deňiz porty ulanylmaga berler. Ýakyn geljekde bularyň hemmesi Türkmenistany möhüm ulag-logistika merkezine öwrüp, ol Ýewropany Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň döwletleri bilen baglanyşdyrar.

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän esasy meýilleri we özgerişlikleri nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.Ol milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da berkitmegi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär. Şunda ýokary netijeli senagat, gaýtadan işleýän eksport we import ugurly önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.

Erkin ykdysady zolaklaryň, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hereket edýän dürli ugurly döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak dowam edýär.

Hususy telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen yzygiderli çäreler görülýär.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.Häzir eýýäm oba hojalyk önümleriniň we senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy döwlete degişli däl kärhanalar tarapyndan öndürilip, olar öz işiniň gerimini işjeň artdyrýarlar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy pudagyň paýyny 70 göterime çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi goňşy döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda üstünlikli gatnaşyklar üçin ägirt uly meýdandyr.

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylara ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazananlary hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlary baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri öz işleri bilen tanyşdyrdylar.

Dürli ugurda mümkinçilikleri bolan özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmäge iki döwletiň hem özara gyzyklanmasyny tassyklamak bilen, işewür duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, munuň üçin, ähli pudaklarda diýen ýaly, uly mümkinçilikler bar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, eksport-import amallaryny, birek-birege iberilýän harytlaryň hem-de edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.Yzygiderli guralýan sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, işewür forumlary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda döredilen Işewürlik geňeşi işewürler düzümlerini ýakynlaşdyrmagyň täsirli guraly bolmalydyr.

Umumy mejlis tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy işewürliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew işewür adamlary bu ugra gönükdirýärler.

Hususan-da, foruma gatnaşan “Uzagrotehmaş”, “Uzbekneftegaz”, “Uzbekowikowkatholding”, “Uzbekgidroenergo”, “Uzbekçarmpoýabzali”, “Ahangaransement”, “Uzawtosanoat”, “Uzawtoýul”, “Uzbekiston Temir Ýullary”, “Uzbekenergo”, “Uzkimýosanoat”, “Uztekstilprom”, “Uzşarobsanoat”, “Uztreýd” paýdarlar jemgyýetleriniň, Nawoýi we Almalyk dag-metallurgiýa kombinatlarynyň, Uzbek metallurgiýa kombinatynyň, kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň subýektleriniň eksportyny goldamak boýunça gaznanyň, “Sahiý Hamkor”, “Pintak Panel”, “Koksaraý”, “Bektemir matal konstruksiýalary”, “Optima best plast”, “Bahor Plastik”, “Master Bilding Prodakts”, “Sam Silwer Plast”, “Marokand MCM”, Dentafill Plyus, Torimed Pharm, Сhromos Production, Yaks Quality, Alimxon Exim Group, Urgaz Carpet, Yasham Erkaplan, Gold Brend Mebel, Hilton Trade, Marokand Food Product, Alviero, Garant Mebel, Algoritm Plastik, Stekloplastik, Natural Fruit Juice, Techno Eksport, East West Invest, Urgut Elita Servis, Mega Invest Industrial, Good Food Group, Reprocessing.uz, Milliy Bottlers, Namangan Porloq Tamirlash Servis, Classica Shoes International, Mexmash, Peng Sheng, Eko Comfort Elegant, Toshrabot Textile, Aji Caps, Gold Strech, Omad ZZI, Krember, Ice and Gold, Ziynat Tekstil Servis, Izopanel, Comment Pro, Saver Paints, Royal Candy, Art Premium Tex, Ravshan Yodik Production, Avangard Prom Stroy kompaniýalarynyň wekilleri öz tekliplerini we işewürlik pikirlerini taýýarladylar.

Işewürler maslahaty tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň dowam etdirilmegi baradaky pikiri aýtdylar hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynandyrdylar.

Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary mahalynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça şertnamalara we ähtnamalara gol çekilendigini habar berip, bu forumyň ähmiýetini bellediler. Gol çekilen şertnamalarda ABŞ-nyň 250 million dollaryndan gowrak umumy bahasy bolan bilelikdäki taslamalar göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Söwütli Mebel dükanynda aksiýa başlandy
Çarwadar söwda merkezinde ýerleşýän Rysgal Mebel dükany mebel nyrhlaryny 25% çenli arzanlatdy
Rysgal Mebel dükany türkmenistanlylara söwda üçin gymmat bahaly sowgatlary berýär
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi