1—2-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýollary gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Alat gümrük nokadynyň arasynda ilkinji gezek ýükler sanly TIR ulgamyny ulanmak arkaly daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýükleriň gümrük serhedinden geçirilmeginde iki ýurduň hem gümrük edaralary sanly üstaşyr kepilliklerini üstünlikli durmuşa geçirdiler.
Kagyz göterijilerde däl-de, hakyky wagt ýagdaýyna görä işleýän ygtybarly elektron maglumat gorunda ýatda saklanylmagy maglumatlaryň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrýar we administratiw bökdençlikleri azaldýar. Şonuň üçin-de ol hem gümrük edaralarynyň, hem-de ýük daşaýjylaryň ýerine ýetirýän işine oňyn täsir edýär.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda TIR sanlylaşdyrma synag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky üstünlikli özara gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar.
Synagda ýük daşamalary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanlylaşdyrmak atly taslamasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), şeýle hem halkara awtoulagly daşaýjylaryň THADA we AIRCUZ milli assosiasiýalarynyň goldawlary bilen amala aşyryldy.