Şu gün Daşkent şäherindäki Kuksaroý köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde ulag ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda aýratyn durlup geçildi. Bu habary Özbegistanyň Prezidentiniň resmi saýty ýetirýär.
Ulag ulgamynda geçen ýyl ýük daşalyşynyň netijeleri 17 göterim ýokarlandy. Bu häzirki wagtda hem depginli dowam etdirilýär. Taraplar sebitiň ýurtlarynyň ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmäge gyzyklanma bildirdiler, şol sanda bu ugurda harytlaryň daşalyşynda ýeňillikleri ýola goýmakda tagallalar edilýär.
Giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda tagallalaryny birleşdirmeginiň möhümdigi barada belläp geçdi.
Mundan başga-da, türkmen Lideri Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
2022-nji ýylyň geçen bäş aýy boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda demir ýol ulagynda ýük dolanyşygynyň möçberiniň 15 müň wagona, awtomobil ulagy boýunça hem 17 müň wagona deň bolandygyny bellemek gerek.