
Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 23-24-nji aprelde iki günlük “dostlukly sapar” bilen Özbegistanda bolýan mahaly, türkmen mediasynda hem-de jemgyýetçilik pikir alyşmalarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki durumy maslahat edilýär.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugyna görä, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasynda 1 milliard dollardan aşan umumy söwda dolanyşygyny ýakyn ýyllarda 2 milliard dollara ýetirmek barada ylalaşyldy.
Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, Berdimuhamedow Samarkantda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde söwda dolanyşygynyň möçberlerini geljekde 5 milliard dollara çenli çykarmagy teklip edipdir.
Türkmenistan we Özbegistan şu ýylyň fewral aýynda iki ýurduň arasynda erkin söwda tertibini girizip, bir-biregiň çäklerinde öndürilýän önümler boýunça gümrük paçlaryny ýatyrdy.
Şeýle-de, iki goňşy ýurt soňky birnäçe ýyl bäri serhetýaka sebitde erkin söwda zolagyny döretmegiň üstünde işläp gelýär. Munuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Daşoguz Şabat barlag-geçiriş nokadynyň ýerleşýän sebitinde erkin söwda zolagynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Maýa goýumlarÝöne iki ýurduň arasynda maýa goýumlar babatynda bar bolan ara tapawut synçylarda sorag döredýär.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň ýaňy-ýakynda beren maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanda özbek maýasynyň gatnaşmagynda bary-ýogy iki kärhananyň iş alyp barýandygyny aýdýar.
Bu barada başga çeşmelerde maglumat ýok, galyberse-de, Türkmenistanyň ne media serişdeleri, ne-de Statistika baradaky döwlet komiteti daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalaryň sanyny jemgyýetçilige äşgär edýär. Ýerli elektron neşirler bu babatdaky sanlary köplenç daşary ýurt döwletleriniň statistika edaralaryndan alýarlar.
Ýöne özbek maýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda bary-ýogy iki özbek kärhanasynyň iş alyp barýandygy barasynda Özbegistanyň UzDaily.uz neşiri 2018-nji ýylda habar beripdi. Ýöne şol wagtlar Özbegistandaky türkmen kärhanalarynyň sany hem bary-ýogy 11-e deňdi.
Özbegistanyň Statistika edarasyna görä, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 200-den gowrak kärhana hereket edýär.
DeňeşdirmeDeňeşdirmek üçin aýdylsa, meselem, Gazagystanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 100-den gowrak kärhana iş alyp barýar. 2023-nji ýylda gazak kompaniýalary Türkmenistanda 50-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar.
Bu sanlar göz öňünde tutulanda goňşy ýurtlar has köp türkmen maýasyny çekýär, ýöne munuň öwezine öz maýalaryny Türkmenistana getirmeýär.
Mundan ozal, Birleşen Ştatlaryň Söwda departamenti Türkmenistanyň göni daşary ýurt maýasy babatynda ýokary töwekgelçilikli ýurt bolandygyny aýdypdy.
Bulardan başga-da, “The Times of Central Asia” neşirine görä, 2025-nji ýylyň fewral aýyndaky sanlar göz öňünde tutulanda, Türkmenistanda 600-dan gowrak türk kompaniýasy iş alyp barýar we Türkiýäniň Türkmenistandaky göni maýa goýumlar 500 million dollardan aşypdyr. Bu ýurt Türkmenistana soňky otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50 milliard dollardan artyk maýa goýupdyr.
Türk çeşmelerine görä, 2024-nji ýylda Türkiýede türkmen maýasy bilen iş alyp barýan 44 çemesi kompaniýa bellige alnypdyr.
Şeýle sanlar deňeşdirilende, synçylar Türkmenistanda özbek kapitaly bilen bary-ýogy iki kärhananyň iş alyp barmagyna soragly garaýarlar.
“Biznes Türkmenistan” neşiri şu ýylyň mart aýynda Özbegistanyň Türkmenistana bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip edendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn gepleşiklerde iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklara-da ýokary baha berdiler.
Gepleşikleriň yz ýany, Berdimuhamedowa Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni gowşuryldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Samarkant şäherindäki taryhy ýerlere-de baryp gördi.
Etniki azlyklarÖzbegistanda 200 müň çemesi etniki türkmen ýaşaýar.
2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Türkmenistanda 640 müň çemesi etniki özbek ýaşaýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Özbegistanda ýaşaýan etniki türkmenleriň çagalaryna öz ene dillerinde bilim almaga mümkinçilik döredilse-de, olaryň diňe belli bir böleginiň, resmi maglumatlara görä, 8 müň çemesi etniki türkmen çaganyň türkmen mekdeplerinde öz ene dilinde bilim alyp bilýändiklerini aýdýarlar. Bu ýurtda, çeşmelere görä, takmynan 45 çemesi türkmen dilli mekdep hereket edýän ekeni.
Türkmenistan bu babatda etniki özbeklere öz ene dillerinde bilim almaga mümkinçilik döretmeýär.
Saparyň dowamynda, özbek we türkmen liderleri öz çykyşlarynda iki ýurduň umumy taryhyny, umumy medeniýetini, däp-dessurlaryny, umumy dilini we ynanç-yktykadyny nygtadylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.