Türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylar Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler

Türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylar Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler

Daşoguz şäherinde açylan türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky dostluk baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredijilik forumyna gatnaşyjylara Köneürgenjiň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Goraghananyň ylmy işgärleriniň ýolbaşçylygynda festiwala gatnaşyjylar Daşmetjit medresesiniň gadymy binasynda ýerleşýän halk senetleri muzeýine gezelenç etdiler, şeýle hem köne şäherleriň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan arheologik tapyndylary bilen tanyşdylar.

Häzirki wagtda muzeýiň gaznasynda ýedi müňden gowrak eksponat bar, olaryň iň gadymylary miladydan öňki V-IV asyrlara degişlidir.Olaryň üsti her ýyl täze tapyndylar bilen doldurylýar.Täsin eksponatlaryň arasynda türkmenleriň senetçilik we çeper döredijiliginiň baý däpleri barada gürrüň berýän etnografik materiallar ýygyndysy bar.

Muzeýe sowgat edilen iň soňky arheologiki tapyndylaryň arasynda simap saklamak üçin niýetlenen konus sferonlary bar.Hünärmenleriň pikiriçe olar orta asyrlara degişlidir.

Şeýle hem bu ýerde gadymy monjuklaryň iň uly ýygyndylaryndan biri ýerleşýär. Orta asyrlarda Horezmde gündelik durmuşda, söwda, alhimiýa, lukmançylyk we beýleki ugurlarda ulanylýan dürli zerurlyklar giňden öndürilipdir.

Bu ýerde şaý-sepleri we aýna önümlerini ýasamak ýokary derejede ösdürilipdir welin, ýerli ilat uzak ýurtlar bilen hem aýna önümleriniň söwdasyny edipdirler. Muzeýde saklanýan seýrek tapyndylaryň arasynda kirpikli göz monjuklary hem bar.

Myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döreden gadymylyklaryň biri-de gadymy medresäniň hüjreleri boldy.

Soňra festiwala gatnaşyjylar Üç ýüz altmyş ady bilen meşhur bolan gadymy ýerlere aýlandylar. Şeýle hem Nejmeddin Kubranyň mawzoleýine syýahat edildi.

Syýahat meşhur ussalar şäheriniň esasy gözel ýerlerine — XII — XIV asyrlaryň binagärlik ýerlerine baryp görmek bilen dowam etdi. Myhmanlar Törebeg hanymyň mawzoleýine, 60 metrlik Kutlug Timur minarasyna, soňra bolsa Horezmşa Tekeşiň mawzoleýine baryp gördüler.

Ertir türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky dostluk festiwalynyň açylyş dabarasynyň Daşoguzdaky Türkmeniň ak öýi binasynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Bu ýerde sungat we senetçilik ussatlarynyň sergisi, şeýle hem iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti bolar. Agşam Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Horezm sebit aýdym-saz drama teatrynyň sungat işgärleri tarapyndan taýýarlanan Kaýs pýesasy görkeziler.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy duşuşyk
Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat
Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Kaýseri Bünýan Halysy