Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş meýilnamasynda, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we syýasy partiýalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmen obasy bagtyýarlyk mekany atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Turkmenportal web saýtymyzda habar berşimiz ýaly Türkmen obasy — bagtyýarlyk mekany ady bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşik üç ugur, ýagny makala, goşgy hem-de hekaýa ýazmak boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda şu aşakdaky talyplar degişli baýraklara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň makala ýazmak ugry boýunça baş baýragyna Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Toýly Muhammetdurduýew, birinji ornuna TIIM-niň institutynyň talyby Rüstem Işangulyýew, ikinji ornuna TOHI-niň talyby Jennet

Bäşimowa bilen TDMI-niň talyby Humaý Mätjanowa, üçünji ornuna bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby Aýnur Nurmuhammedowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Jennet Babamyradowa, şeýle-de TDIM-niň HGI-niň talyby Gurbanmyrat Aşyrow mynasyp boldular.

Bäsleşikde goşgy ýazmak boýunça baş baýraga TDMI-niň talyby Altyngözel Amanmämmedowa, birinji orna Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň talyby Sapa Sapaýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby Mähri Alymowa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Kerimberdi Hakberdiýew, ikinji orna TOHI-niň talyby Oguljeren Hudaýnazarowa, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Sona Halykowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Aýlar Mämmedowa, üçünji orna bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby Aýgözel Garlyýewa, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň talyby Pälwan Jumamyradow, TOHI-niň talyby Aýmyrat Hudaýberdiýew dagy mynasyp bolmagy başardylar.

Hekaýa ýazmak boýunça baş baýraga S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Myrat Guwanjow, birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Gülşat Ahunowa bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Diýar Yhtyýarow, ikinji orna TIIM-niň institutynyň Döwletgeldi Ýoldaşow bilen S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Nury Sakçyýew, üçünji orna bolsa TOHI-niň talyby Oguljeren Hudaýnazarowa bilen

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Gunça Hamedowa mynasyp boldylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplardan başga-da her ugur boýunça bäsleşige gatnaşan talyplaryň birnäçesine höweslendiriji baýraklar hem gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklary ýakyn günlerde olaryň bilim alýan ýokary okuw mekdeplerine iberiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
23-nji aprel BMG-de iňlis diliniň güni
Bütindünýä pingwinler güni
“Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi
Geljekde şäheriçi gatnaw nähili bolar?