Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi

Zilzile 1) ýer titreme, ýer yranma.Zille 1) peslik, ýigrenmeklik; 2) hormatdan düşmeklik; 2) betbagtlyk, muşakgat, horluk; zille bolmak horlanmak, betbagt bolmak.Zin eýer; zin eýlemek eýerlemek.

Zinde diri, janly; zindelik dirilik; zinde dil şat, horram.Zindegany ýaşaýyş, dirilik, durmuş.Zine basgançak, merdiwan.Zinkeş çeki, eýer çekilen.Zip bezeg.Zir 1) aşak; ast; 2) dutaryň inçe kirişi; 3) arap-pars dilinde assyn hereketi; ziru-ziber 1) aşak-ýokary, aşaky we ýokarky; 2) bulam-bujar, garym-gatym; 3) uly-kiçi, beýik-pes.

Ziru-bem aşak-ýokary, gaty we pes.Zira çünki, şonuň üçin, şoňa görä.Ziragat ekin ekme, daýhançylyk.Zirdest elasty, bakna; hyzmatkär; biriniň gol astyndaky adam; zirdest bolmak biriniň gol astynda bolmak.Zire 1) ok, ýarag geçmeýän uruş geýimi; sowut; galkan; 2) halka, ysyrga.Zirek çakgan, başarjaň, ugurtapyjy, çulum, ökde, akylly, pähimli.Zit ters, garşy, tersleşik; zitden garşylykdan; bilkastdan, garşylyk esasynda.Zişt gelşiksiz; betgelşik.Zowal zyýan, zelel; bizowal zyýansyz.Zowwar zyýarat edijiler, keramatly ýerlere aýlanýanlar.Zowk 1) höwes, hyjuw 2) keýp, hezillik; inçe duýgy.Zowrak kiçi gämi, gaýyk.

Ýene degişli makalalar

Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi
Özbegistanlylar Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşýarlar
14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Owadandepedäki aýna kärhanasynyň önümlerine owganystanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gazagystanly telekeçiler isleg bildirýärler
Türkmenistanda içgiler bir ýylda üç esse gymmatlady