Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmen nepis halysy - Ak şähermiziň bezegi ady bilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýandygy, ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde asylly ýörelgä öwrülendigini, türkmen halylarynyň gaýtalanmajak sungat bolup, onda ene-mamalarymyzyň mähir-yhlasyndan dörän nagyşlary dürli-dürli manylary aňladýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.