Türkmen nebitiniň Mahaçgala portunyň üstünden iberilmegi dikeldildi

Mahaçgalanyň deňiz porty iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistandan gelýän nebiti üstünden geçirmegini dikeltdi diýip, ТАСС habar agentligi portuň baş direktorynyň kömekçisi Alik Abdulgamidowa salgylanyp habar berýär.

“6 müň tonna golaý türkmen nebitini alyp gelen “Alaja” tankeri Türkmenistandan gelen nebitiň ilkinji tapgyry bilen portuň nebit howdanyna girdi. Bu tapgyrdan ýene iki ýüke :Hazar” we BF “Tanker-21″ gämilerine garaşylýar” diýip, Abdulgamidow habar berdi.

Türkmen nebiti Mahaçgala arakaly, Gara deňizdäki Noworossiýsk potrunyň we “Transneft” gaz geçiriji magistralynyň üsti bilen sarp edijilere gowşar.

Nebit söwdasy bilen Çelekendäki “Dragon Oil” kompaniýasyndan we Ekeremdäki “Eni” kompaniýasyndan nebit alýan “Vitol” treýderi meşgullanýar.

Bahaçgala portunyň baş direktory Myrat Hydyrowyň sözlerine görä, 2019-njy ýylda 1,5 million çemesi türkmen nebitini kabul etmek planlaşdyrylýar.

Türkmen nebitini Dagystanyň üstünden aşyrmak 2016-njy ýylda togtadyldy. ИА REX gullugynyň maglumatyna görä, türkmen tarapy tankerdäki çig malyň nebit howdanyna geçirilen wagtynda ýitirilýän nebitiň möçberiniň her tapgyrda 2 prosnetden hem gowrak bolmagyndan nägile boldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen nebitiniň eksporty Azerbaýjanyň üstünden amala aşyryldy.

Bu problemany çözmek başartdymy we nebitiň Azerbaýjanyň üstünden ugradylmagy togtadyldymy, bu barada habar berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Täjirini we marşrudyny çalşandan soň, türkmen nebitiniň hazarüsti eksporty iki esse azaldy
Sankt-Peterburgdaky seýil bagyna şahyr Rasul Gamzatowyň ady dakylar