Türkmen nakgaşlary Aziada bagyşlanan döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar

Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň öň ýanynda Çeperçilik sergileri merkezinde sport mowzugyna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.Iň gowy žiwopis eseri üçin baş baýrak Parfiýadan başlanan badalga“ atly işi üçin Walentin Kudrýaşowa berildi.

Bu ussadyň işleri reňkleri bilen tapawutlanýar: asman çekse, ol açyk gök, otuň suraty bolsa—zümerret reňkli.Onuň suratlaryna syn edeniňde, keýpiň çaglanýar.Bäsdeşlerinden saýlanan ýüwrükleriň üçüsi hakykylyk bilen hyýalyň arasynda ýaly görünýär.

Awtoryň badalga üçin taryhy-medeni ýadygärligi saýlamagy tötänden däl. Üýtgeşik tozgalardyr köşgüň ter otuň üstündäki sütünbaşy ýordumyň metaforikligini nygtaýar.Ekletika şol pursadyň gaýtalnamzlygyny görkezýär.

Walentin Kudrýaşow sport mowzugyna ökdeleriň biri. Bir gezek onuň nazary ştangadyr diskler, tanaplar, oturgyç, trenažýorlar we ş.m. zatlardan ybarat sport enjamlaryna düşýär. Netijede bu sergide goýlan Sport enjamlary“ atly üýtgeşik eser peýda bolýar.

Pökgi üçin göreş“ suratyndaky basketbol oýnaýan gyzlar hem tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Çekeleşikli oýunda çatlyşan gyzlar çopantelpegi ýada salýar.

Ikinji orun Berdi Çaryýewe Güýçden ruhlanýanlar“ atly triptihi üçin berildi. Bu eser dessine ussatlaryň we žiwopis muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Onuň esasy böleginde gök we mamişi reňklerde berlen pälwanlar şekillendirilipdir.

Kössek Nurmyradow sergä ozboluşly işini hödürläpdir. Ol öz halaýan usuly bolan gündogar miniatýurasynda darbazlaryň we žonglýorlaryň oýnuna tomaşa etmäge gelen obadaşlaryny şekillendiripdir. Surat oba durmuşynyň gyzykly pursatlary ýaýarap giden üýtgeşik gölli halyny ýada salýar.

Sergide şeýle hem türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edýän manzar eserleri-de goýlupdyr. Nakaş Zakir Babaýew birnäçe suratyny teklip edipdir. Ol Goja çynar“ eserinde gurap ugran bolsa-da, henizem saralan ýapraklaryny şelpeledýän äpet daragt, onuň golaýynda bireýýämden bäri çörek bişmeýän tamdyr hemem wagtyň labyryndan gyşaryp giden duwal şekillendirilipdir...

Zakir golaýda Sankt-Peterburgda döredijilik saparynda bolup geldi, indi ol Newa boýundaky şäherden galan täsirleini tomaşaçylara hödürleýär. Onuň iň şowly işleriniň biri-de Newa derýasy“ atly eseridir. Zakir suwuň ýalpyldysyny, onuň serginligini we tolkunlaryň nepilsigini çeper beýan etmegiň hötdesinden gelipdir. Reňki suwuňka meňzäp duran asman has üýtgeşik şekillendirilipdir, nakgaş asman bilen derýanyň arasyny owadan köpri bilen bölüpdir.

Zakir Babaýewiň bu eserleri onuň zehinli manzarçydygyny görkezdi, sungaty öwrenijiler we žiwopis muşdaklary onuň döredijiligine gyzyklanma bildirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlan sergi guraldy
Ýubilýarlaryň dörtlügi: dünýä özboluşly dört garaýyş
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy