Türkmen DIM-i Aşgabatda "türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi saklamakda eýeleýän orny barada" edilen maslahat hakynda habar berýär.Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 9-njy ýanwarda Eýranyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşdy.
Täze ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, türkmen tarapynyň bu wezipäbellenmegi babatdaky gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildirdi.Diplomatlar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary, şol sanda ulag-üstaşyr ulgamy, medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdylar diýip, habarda aýdylýar.
Bu duşuşyk ABŞ-nyň howa zarbasynyň eýranly harby serkerdäni öldürmegini we Tähranyň Ykardaky ABŞ harby bazalaryna zarba urmagynyň, şeýle-de Tähranyň golaýynda ukrain ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma resmi habarda bu wakalar agzalmaýar. “Turkmen.news” neşiriniň 8-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary, dünýäniň beýleki köp awia kompaniýasyna eýerip, 7-nji ýanwardan 8-nji ýanwara geçilen gije Eýran Yrakdaky ABŞ bazalaryna raketa hüjümini edeninden soň, Eýranyň howa giňişligini ulanmazlyk kararyna gelene meňzeýär.
Neşir türkmen uçarynyň şol gün Dubaýdan Aşgabada gelen howa ýoluny görkezýän suraty çap etdi.Onda türkmen boingi Oman aýlagyndan, Pakistanyň we Owganystanyň üstünden geçip, Aşgabada ýönelýär.Tähranyň golaýynda bolan uçar hadysasyndan öň türkmen uçarlary Aşgabada Eýranyň üstünden uçup gelýärdi. “Ozal türkmen uçarlary Dubaýdan Aşgabada çenli aralygy 2 sagatda geçen bolsa, Eýrandan aýlanyp geçmek zerurlygy esasynda, “Flightradar24” neşiriniň maglumatlaryna görä, uçuş wagty 3 sagat 40 minut boldy” diýip, habarda bellenýär.
Azatlygyň çeşmesiniň maglumatyna görä, daşary ýurt awiakompaniýalarynyň käbiri, Eýrandaky ýagdaýlar bilen baglylykda, howpsuzlyk aladalary sebäpli, Eýranyň howa giňişligine derek, Türkmenistanyň howa giňişligini ulanmak üçin rugsat almaga çalyşýar.Emma bu maglumat häzirlikçe resmi çeşmeler arkaly tassyklanylyp bilinmedi. Şu aralykda, 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Eýranyň prezidenti Hasan Ruhana Tähranyň golaýynda bolan uçar hadysasy we Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen lideri bu heläkçilik sebäpli ukrain kärdeşi Wladimir Zelenskä bir gün ozal, 8-nji ýanwarda gynanç bildirdi.Bu barada TDH maglumat berýär. Şol bir wagtda, türkmen mediasy goňşy Eýranda we Yrakda bolan soňky wakalar barada dymýar, “Türkmenhowaýollary” bu wakalar sebäpli öz uçar ýoluny üýtgedendigi hakynda resmi maglumat çap etmeýär.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 5-nji ýanwarda, general Suleýmani nyşana alnyp öldürilenden soň, daşary ýurt resmileri bilen diplomatik geňeşmeleriň çäginde, ermenistanly, türkmenistanly kärdeşleri, palestinaly resmiler bilen telefonda gürleşdi.
Eýran mediasy Zarifiň soňky iki günde orsýetli, hytaýly, azerbaýjanly, türkiýeli we täjigistanly kärdeşleri, ÝB-niň daşary syýasat başlygy we beýlekiler bilen telefonda gürleşendigini habar berdi.Emma türkmen DIM-i we mediasy Zarifiň general Suleýmani öldürilenden soň Meredow bilen eden telefon gürrüňi barada hiç bir maglumat bermedi.