Argus Media habar gullugynyň ýazmagyna görä, Napeco Türkmen döwlet nebit we gaz kompaniýasy Hazar deňzindäki Çeleken ýatagy boýunça Dragon Oil-iň önümçilik paýlaşmak şertnamasynyň 5% paýyna eýe boldy.
Napeco kompaniýasynyň baş direktory Maksat Pirliýew bu şertnamanyň ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebiti we gazy —2022 nebitgaz forumynyň çäginde baglaşylandygyny belleýär.
Şu ýylyň iýul aýynda Türkmennebit we Dragon Oil Ltd kompaniýasy Çelekende nebit öndürmek baradaky şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy.
Napeco kompaniýasynyň daşary ýurt maýadarlary bilen bilelikde başga-da iki taslama gatnaşýandygyny bellemek gerek. Bularyň arasynda Mitro International bilen 2025-nji ýyla çenli hereket edýän Gündogar Çeleken meýdançasyndaky önümçilik paýlaşmak şertnamasyny we potratçy hökmünde bu ýatakda Eni italýan kompaniýasy bilen taslamanyň 10% paýyny görkezmek bolar.
Ýeri gelende bellesek, söwda amallaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Napeco Vitol kompaniýasy bilen çig nebit, benzin, gaz kondensaty, agyr ýaglar we bitum söwdasy bilen meşgullanýan bilelikdäki kärhanany döretdi.