Türkmen milli konserwatoriýasynda Aram Haçaturýanyň 120 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Türkmen milli konserwatoriýasynda Aram Haçaturýanyň 120 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Aram Haçaturýanyň 120 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler. Şol gün sagat 18:30-da konserwatoriýanyň uly zalynda Haçaturýanyň reňkli dünýäsi atly aýdym-saz agşamy bolar.

Aram Haçaturýan zehinli kompozitor bolup, onuň eserleri XX asyryň aýdym-saz sungatynyň nusgalarynyň hataryna girizilendir. Kompozitoryň eserleri dünýäniň dürli künjeklerinde, iň oňat teatr sahnalarynda, konsert meýdançalarynda, iň çet ýerlerde hem aýdym-saz sungatynyň wekilleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Haçaturýanyň sazlary şu günler hem radio, telewideniýe we kino sungatynda giňden ulanylýar. ÝUNESKO Haçaturýanyň adyny XX asyryň iň meşhur kompozitorlarynyň arasynda ýerleşdirdi we biziň döwrümiziň iň meşhur eserleriniň sanawynda Gaýane baletinden Sabr tansyny birinji ýerde goýdy.

1-nji dekabrda geçiriljek ýubileý konsertinde Aram Haçaturýanyň iň meşhur eserleri: instrumental we baletlerden bölekleri ýerine ýetiriler. Sahnada Konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary çykyş ederler. Çärä giriş tölegsizdir.

Ýene degişli makalalar

Ak Gaýa Gurluşyk: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary
Stambula barýan jahankeşdeleriň sany iň ýokary derejä çykdy
Dünýäniň iň uly balyklary
Aşgabat şäheriniň golaýynda Gala medeni-dynç alyş merkezi işläp başlady
Madagaskaryň “daşdan tokaýy”
Ýaponiýanyň Totigi dagyndaky meşhur daş ikä bölündi