Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum

Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum

“Çagakam lukman bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum. Bu howply iş. Migrantlar köplenç ýol-ulag heläkçiligine uçraýarlar we ýaralanýarlar” diýip, Türkiýede zähmet çekýän türkmenistanly migrant aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Migrant Media bölümi lukmançylyk ugry boýunça Ukrainada ýokary bilim alan we hünäri boýunça hirurg bolan, ýöne häzir Türkiýede kurýer bolup zähmet çekýän türkmen raýaty bilen söhbetdeş boldy.

Ilhom türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ýurtlaryň başynda gelýän Türkiýäniň köçelerinde kurýer bolup işleýän müňlerçe türkmenistanlydan diňe biri. Onuň watanynda aýaly we üç çagasy bar.

Türkiýede kurýerlik howply işleriň biri hasaplanýar, sebäbi olaryň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy we agyr ýaralanmagy bilen bagly wakalar köp bolýar.

“Ýagyşda ýollar typançak bolýar. Biziň işimiz hem gaty köp, örän başagaý bolýar. Ýaramaz howada adamlar azyk önümlerini öýlerine eltip bermegi has köp sargyt edýärler” diýip, alty ýyl bäri Stambulda kurýer bolup işleýän Ilhom aýdýar.

36 ýaşyndaky Ilhom günüň dowamynda 40-60 sany sargydy gowşurýar. Dynç günsüz, hepdäniň ähli güni zähmet çekýän türkmenistanly “bir güni boş geçirseň, aňsatlyk bilen minusa geçip bolýar” diýýär.

“Iş 12:00-da başlaýar we agşam 23:00-a çenli, günde 11 sagada çenli dowam edýär. Anna we şenbe günleri 12 sagat işleýärin” diýip, ol belleýär.

Türkiýede kanuny esasda zähmet çekýändigini aýdýan Ilhom özüniň saglyk ätiýaçlandyrylyşyny iş berijisiniň töleýändigini belleýär.

“Bu ýagyşdan we ýelden goraýar, ellerimizi ýyly saklaýar. Tomusda yssy bolany üçin skotçy aýyrýarys. Bu örtgi, şemaldan we ýagyşdan goranmak üçin, motosikliň öňüni örtmäge niýetlenendir” diýip, Ilhom galyň elligini we motosiklindäki örtügini görkezende aýdýar.

Ilhom aýda takmynan 1500 dollar gazanýandygyny we puly Türkmenistandaky maşgalasyna iberýändigini belleýär.

Hünäri boýunça hirurg bolan türkmenistanly migrant Türkmenistanda hirurgyň aýlygynyň maşgalany eklemäge ýetmeýändigini hem aýtdy.

“Aýlygyň azlygy sebäpli daşary ýurtda işlemegi makul bildim. Çagalygymda kurýer däl-de, lukman bolmak isleýärdim (gülýär). Alty ýyl Ukrainada okadym we lukmançylyk uniwersitetini “hirurg” hünäri boýunça tamamladym” diýip, Ilhom çagalaryna gowy bilim bermegi arzuw edýändigini belledi.

Ilhomyň kärdeşleriniň tas ählisi türkmen raýatlary bolup, olardan biri Türkmenistanda işlemäge iş ýokdugyny, yzyna dolansa, işsiz diňe ýatmaly boljakdygyny aýdýar.

“Biz öýe pul ibermek üçin işleýäris. Yzymyza gitsek, onda ol ýerde işsiz diňe ýatmaly bolýarys. Häzir bir zat aýtmak kyn, ýöne, belki, 5-10 ýyldan yzymyza gaýdarys” diýip, türkmenistanly migrant Şiraly aýtdy.

Türkmenistanda ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasy üçin iň meşhur ýurtlaryň başynda gelýär.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä zähmet migrasiýasyna, ýaşamaga we okamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany barada anyk maglumatlary çap etmeýär.

Türk Migrasiýa gullugynyň şu ýylyň 6-njy fewralynda täzelenen sanlaryna görä, Türkiýede ýaşamaga resmi rugsady bolan türkmen raýatlarynyň sany 207 müň 189 adama barabardyr.

Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bu ýurtda näresmi görnüşde ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň mundan hem köpdügini aýdyp, ençeme ýüz müň adama barabardygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum
Telekeçiler 'ýaşuly' biznesinden zeýrenýär; mätäçlik adamlary 'agyr synaga' salýar
Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär
Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy