Türkmen metbugatynda sarymsagyň saglyk üçin peýdalary dogrusynda maglumatlar paýlaşyldy

Türkmen metbugatynda sarymsagyň saglyk üçin peýdalary dogrusynda maglumatlar paýlaşyldy

Türkmenistan gazetinde sarymsagyň ynsan saglygyna peýdasy barada çaklaňja makala çap edildi. Onuň köpugurly peýdasyny göz öňünde tutup, berilýän maglumatlary Turkmenportalyň okyjylary bilen paýlaşýarys:

Tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsak birnäçe dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Sarymsagyň özüne mahsus ýiti tagamyny we ysyny onuň düzümindäki efir ýaglary emele getirýär. Lukman Hekim hem köp keselleri bejermekde sarymsak iýmegi maslahat beripdir. Ony gowrup iýseň, aşgazany berkidýändigini, suwuny içseň, sarygetirmäni hem dep edýändigini belläpdir. Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, gan basyşy bilen bagly ýüze çykýan kesellerde we aterosklerozda hem sarymsak giňden ulanylýar. Sowuklamada, bronhial demgysmada sarymsagyň mesge bilen garylan şülä meňzeş garyndysy döşe çalynýar. Ajy burç bilen sarymsak goşulan unaş dümewiň bire-bir emi hasaplanýar.

Sarymsagyň düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de onda köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar — fitonsidler bar. C, D, B, P toparlarynyň witaminleri bedeniň kesele garşy göreşijiligini berkidýär. Sarymsagyň dişjagazyny birnäçe minutlap çeýnemek agyz boşlugyndaky bakteriýalardan saplanmaga ýardam edýär.

Sarymsak mynjyradylanda döreýän uçujy fitonsidlerden dem almak arkaly dümew we basyk bejerilýär. Lukmanlar ter sarymsagyň gyrgyçdan geçirilen melhemini hasanyň üstünde goýup, derä ýapmak bilen, bitmeýän ýaralary bejermekde peýda tapmagyň mümkindigini belleýärler. Çagalarda döreýän soguljanlary ýok etmekde hem sarymsagyň ergininden peýdalanmak netijeli usuldyr.

Ýene degişli makalalar

Dyz agyrysyna tebigy çözgütleri
Hytaýda ýeriň süýşmegi sebäpli 47 adam topragyň aşagynda galdy
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Türkmenistanda howa -20 gradusa çenli sowaýar
Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy
Gargalar nirä barýar?!
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary