“Türkmenportal” neşiriniň sanawyny çap eden kadrlar agentlikleri, mahabat habarynda tassyklanylmagyna görä, zähmet bazarynda araçy hökmünde çykyş edip, iş gözleýänleriň we iş berijileriň wagtyny tygşytlaýar.Türkmenistanda emele gelendigi aýdylýan agyr işsizlik, bilim pudagyndaky çökgünlik we köplenç hünärsiz, öz hukuklaryny bilmeýän raýatlaryň ýurt içinde we daşynda düşýän agyr ýagdaýlary barada maglumat bermekden saklanýan hökümetçi neşir bu maglumaty ýurtdan gitmek isleýän adamlaryň barha köpelýändigi baradaky habarlaryň arasynda, tapyljak işiň aýlygynyň maşgala eklemäge ýetip-ýetmejekdigini anyklaşdyrman çap etdi.
Ýöne habarda gürrüňi edilýän agentlikleriň tölegli hyzmatynyň soňky onýyllyklarda agyr işsizlik we giň ýaýran korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz bolandygy aýdylýan ýurtda berip biljek oňyn netijeleri, işsiz adamlara düşjek bahasy we olaryň aljak aýlyklarynyň eden çykdajylaryna degip-degmejekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmenistanda dörän agyr ýagdaý, ruhdan düşen adamlaryň garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri neşekeşlige, arakhorluga we beýeleki ýarmaz endiklere ýüz urmagyny güýçlendirýär, maşgalalary dargadýar diýip, synçylar aýdýar.
Resmi maglumatlardan we Azatlygyň habarçylarynyň habarlaryndan belli bolşuna görä, Türkmenistanda işsizlikden soňky uly mesele aýlyklaryň juda pes bolmagy, bikanun gazanç etmeýän adamlaryň maşgalasyny eklemeginiň juda kynlaşmagy bilen baglanyşykly hasaplanýar.
Çap edilen materialyň mahabat häsiýetli däldigini, diňe tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanandygyny nygtaýan neşir kadrlar agentliginiň hyzmatyndan peýdalanjak işsizleriň iş tapmak üçin edilen hyzmatyň tölegini tölemeli boljakdygyny ýatladýar, ýöne ol tölegiň öňünden ýa soňundan edilmelidigini we näçeräk boljakdygyny aýtmaýar.
Türkmenistanda dörän agyr işsizlik, ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, soňky otuz ýylda ýüz müňlerçe adamyň dürli jenaýatlara baş goşmagyna we jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine, Türkmenistanyň sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt bolmagyna, daşary ýurtlara iş gözläp gidýän adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegine alyp geldi.
Şeýle-de, ýurtdaky işsizligiň döwlet edaralaryndaky korrupsiýany has çuňlaşdyrandygy, mejbury zähmetiň has giň ulanylmagyna, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmegine we kän ezilmegine, kemsidilmegine getirendigi aýdylýar.
Synçylaryň käbiri ýurtda giň ýaýran işsizligiň, parahorlugyň we çykgynsyzlykdan zähmet migrasiýasyna ýüz urýan raýatlaryň baran ýerlerinde köplenç iň pes aýlykly, agyr işlerde işlemeginiň we saglygyny ýitirmeginiň düýp sebäplerini ýurduň bilim pudagynda, hünär mekdeplerine emele gelen agyr ýagdaý bilen baglanyşdyrýar.
Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýurtda emele gelen işsizligi, şol sanda kanunçylykda, bilim pudagynda dörän çökgünligi açyk boýun almaýar. Şol bir wagtda, türkmen metbugaty agyr işsizlik, korrupsiýa, bilimdäki çökgünlik bilen bagly meseleleri gozgaman, wagyz habarlaryna barha kän ýykgyn edýäne meňzeýär.
"Türkmenportal" we beýleki neşirler ýurtda müň adama çenli hyzmat edip biljek toý mekanlaryny hem wagyz edipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.