Türkmenistanyň prezidenti 19-njy aprelde hökümetiň wise-premýerleri bilen wideoşekilli maslahat geçirdi.
Döwlet baştutany, beýleki hasabatlar bilen bile, Ministrler kabinetiniň başlygynyň ÝET boýunça orunbasary Myratgedli Meredowyň hem hasabatyny diňledi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, pudaga goşmaça serişdeleri, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek we dolandyryş tejribesi babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga, prezident Hazar deňzinde ýerleşen Uzynada ýatagy hakynda gürrüň edip, onuň ýurduň nebit-gaz toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Ýatladýarys, Berdimuhamedow martyň aýagynda, Orsýetiň ARETI kompaniýalarynyň başlygy Igor Makarow bilen duşuşanda, Uzynada ýatagyny özleşdirmek hukugyny olara berýändigini aýtdy.
Şol bir wagtda, türkmen gazynyň Orsýete gaýtadan iberilip başlanandygy baradaky tema ne wise-premýer Meredow, ne-de prezident Berdimuhamedow tarapyndan agzaldy.
Türkmen gazynyň Orsýete eksportynyň dikeldilendigini 15-nji aprelde “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýurduň netbit-gaz toplumyndaky çeşmesi habar berdi.
Biraz soň bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň elektron gazeti we türkmen hökümetine tarapdar internet neşirleriniň hem birnäçesi ýazdy.
Bu maglumat “Gazpromyň” wekili tarapyndan hem tassyk edildi.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy we telewideniýesi gaz eksportynyň dikeldilendigi barada hiç zat aýtmady.