Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýan günlerinde halkymyzyň döredijilik ruhynyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyzda özboluşly öwşgün çaýýan baýramlaryň biride Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdigi hakynda söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Baýdagymyz başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir
Gölleriňe älem haýran
Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi