Türkmen manady-milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly

2020-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry-milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Şu ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň maliýe-karz, býujet salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ählumumy we sebitleýin ugurlaryň hem-de onuň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiriniň möhüm meseleleri girizildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamynyň çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrülendigi, häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigi barada aýdylýar.

Milli manadyň durnukly derejesini saklamak, bank hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak, onuň hilini halkara derejesine çykarmak, bank işine dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, maliýe-karz syýasatyny we sanly tehnologiýalary ösdürmek, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhy hakynda çykyşlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serişde, senagat, zähmet we intellektual mümkinçilikleriň köp ugurly esasda ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hemişe nygtaýar. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, bu strategiýanyň netijeliligi, onuň anyk hasaplamak, ykdysady, durmuş we demografiýa şertlerini jikme-jik seljermek arkaly ylmy esasda işlenip taýýarlananlygydyr.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýatlarynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.

Bellenilişi ýaly, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary ýurt we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertler döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen karz serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz milli ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanýan täze guralyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine we ählumumy meýillere işjeň goşulmagyny nazara alyp, durmuş uldgamyny nazarlaýan çeýe ykdysady strategiýangy işläp taýýarlady.

Oňyn netijeleriň gazanylmagynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we umumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegine, döwletimiziň maliýe pudagynyň, salgyt-býujet we baha syýasatynyň kämilleşdirilmegine möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berildi.

Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, türkmen manadynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak, karzlaryň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Banklaryň halkara ülňülerine laýyklykda, maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebapllaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürligi doalndyrmagy kämilleşdirmek, türkmen banklarynyň maýalaryny artdyrmak we olary hususylaşdyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bu ulgamda sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli alnyp barylýar we onuň programma üpjünçiligi taýýarlanylýar.Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge we degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär.

Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli.. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde Altyn asyr, Millikart, Maşgala, Goýum bank karty, Owerdraft karty şeýle hem halkara VISA we MasterCard bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi.

Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ol töleg terminallarynyň, Internet-bank we Mobil bank hyzmatlarynyň kömegi arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, goýumlaryň galan möçberlerini we Internetiň üsti bilen gönükdirilen goýumlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýagdaýa görä, ýurdumyzyň kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4382,6 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany 37,8 müňden gowrak boldy. Şeýlelikde, bank kartlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy.

Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, “Elektron täjirçilik” hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň “Halkbank” Paýdarlar täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak boýunça “Halkbank Terminal” hyzmatyny ýola goýdy. Munuň özi häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda taýýarlanan mobil tölegler üçin programma üpjünçiligi bolup durýar.

Bu bolsa söwda we hyzmatlar ulgamynda töleg terminallarynyň eýeleri üçin müşderilere sanly hyzmatlary ýetirmegiň nobatdaky mümkinçilikdir. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary “Сash baсk” hyzmatyny gurady. Ol söwda we hyzmatlar ugry boýunça kesgitli müşderiler toparyna niýetlenendir.

Çykyş edenler bank ulgamyna sanly ykydysadyýetiň ösdürilmeginiň baş maksadynyň işiň has çylşyrymly görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň tizligini ýokarlandyrmakdan, hyzmatlaryň möçberlerini we onuň netijeliligini hem-de hilini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtadylar. Munuň özi milli manadymyzyň ykdysadyýetdäki dolanyşygyny gowulandyrýar we dolanyşygyň çalt amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetde täze önümçilikleriň artmagyny şertlendirýär.

Özgertmeler ulgamynda milli kanunçylygyň, şol sanda bank işini kadalaşdyrýan kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm orun degişli bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwrüň ýagdaýyny we bu ulgamda hereket edýän halkara ülňülerini nazara almak arkaly birnäçe kadalaşdyry-hukuk namalary işlenip taýýarlandy.

Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek hakynda”, “Karz birleşikleri hakynda”, “Walýutanyň kadalaşdyrylyşy we daşary syýasat gatnaşyklarynda walýuta gözegçilik etmek hakynda”, “Şahsy adamlaryň goýumlarynyň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde geljekde raýatlaryň pul serişdelerini çekmek boýunça ägirt uly wezipeler durýar. Munuň özi islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Çünki bank goýumlary maliýe goraglylygyny döredýär we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň öz pul serişdelerini dürs ulanmaklaryny üpjün etmek, olaryň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmeli. Munuň özi banklara ýokary hilli goýumçylary çekmäge we bu ugurdaky töwekgelçilikleri peseltmäge mümkinçilik berer.

Pudagyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek arkaly goýumçylaryň bähbitlerini goramak arkaly olaryň banklara bolan ynamynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri ýerine ýetirýärler. Munuň özi bank ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan iroteka karzlarynyň möçberlerini artdyrmakdan, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybaratdyr.

Bank ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýaşlara döwrebap bilim bermek ugrunda zerur tagallalary edýändigi we onuň ykdysatçylary taýýarlamakda ýurdumyzyň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy institutlary bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Okuw meýilnamalary yzygiderli döwrebaplaşydyrylýar we täze hünärler açylýar. Şunuň ýaly toplumlaýyn çäreler täzeçe pikirlenip bilýän, batyrgaý çözgütleri kabul etmäge ukyply hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Ylmy-amly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur tagallalaryň ediljekdigi barada aýdylýar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Türkmen manady — milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Eliňizi ýuwmagy endik ediniň!
Türkmen manady-milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Karzaý, Eýranyň owgan halkyna berýän goldawyna ýokary baha berdi
Ýaşlar Watanymyzyň geljegi