Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 29 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Merkezi banky hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk Kanuny töleg serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýlyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.
Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, manadyň goraglylygyny üpjün etmek, manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly göniden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmekligi talap etdi.
Ýurtda milli puluň ýeke-täk hümmetiniň saklanmagy, kadaly pul dolanyşygynyň we netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, banklaryň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň görnüşleriniň we möçberleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatymyzda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary - pul dolanşygynyň durnuklylygyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin amatly makroykdysady şertleriň döredilmeginden ybarat bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň adalatly belleýşi ýaly, biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda aýdyň beýan edildi.
Baş maksada ýetmekde ýurduň bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberlerde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar, erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär.
Maliýe durnuklylygyny saklamak we berkitmek ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň girewi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny kadaly ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän maliýe-karz ulgamyny döretmek, bu ugurdan sebitde öňdebaryjy orunlary eýelemek babatynda ähli mümkinçilikler bar. Ykdysadyýetiň maliýe-karz böleginiň ösüşiniň strategiki maksatlary bolup, býujetiň deňagramlylygyny üpjün etmek, býujet we salgyt syýasatlarynda emele geljek ýagdaýlary öňünden kesgitlenilmegini gazanmak, has ygtybarly we ýokary netijeli karz ulgamyny döretmek ýaly wezipeler çykyş edýärler.
Berkarar döwletimizde puluň höweslendiriş häsiýetine aýratyn ähmiýetiň berilýändigini hem buýsanç bilen bellemelidiris. Biz muňa her ýyl ýurdumyzda raýatlaryň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlarynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterim bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importy çalyşmaga ukyply we eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmaga, önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Milli ykdysadyýetde maýa goýum işjeňliginiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy artýar, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde ýerli serişdeleriň hasabyna öndürmeklik ýola goýulýar, ýurduň eksport kuwwaty täze derejä çykýar, içki bazarlarymyz ilatyň köp isleg bildirýän harytlary bilen elýeterli bahadan doldurylýar, milli pulumyzyň kadaly hereketi ýola goýulýar.
Ahyrky netijede bolsa ilatyň iş üpjünçiligi ýokarlanýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilýär.
Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr.
Milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläkde durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejiribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine yzygiderli ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly degişlilikde ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan milli manadyň satyn alyjylyk ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlaryny giňeltmek we hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini üpjün etmek, täze, has netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek, daşary ykdysady maliýe şertleriniň bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak ýaly köpugurly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Puluň ösüş görkezijileri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ygtybarly gözegçilikde ýola goýulýar.
Ýurdumyzyň karz edaralaryna şahsy we edara görnüşli taraplardan pul serişdelerini çekmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna netijeli ýerleşdirmek, ýagny karzlaşdyrmak bilen bagly çäreleriň işjeň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösdürilmegine, milli manadymyzyň hümmetiniň barha berkidilmegine, goýumçylaryň we müşderileriň bähbitleriniň goraglylygynyň berjaý edilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan halkara tejribesiniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary barha ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz Altyn asyr, Millikart, Maşgala, Milli VISA, Goýum bank karty, Owerdraft karty, şeýle hem halkara VISA we MasterCard bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 5 065,9 müňden, töleg terminallarynyň sany 41,8 müňden geçdi.
Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen sanly ulgamda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Halkbank terminal, QR-kod ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň karz edaralarynda Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary arkaly amallary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklarda Cash back höweslendiriş hyzmaty üçin yzyna gaýtarylyp berilýän puluň möçberi 3 göterime çenli ýokarlandyryldy. Şeýle hem karz edaralary öz internet sahypalary arkaly karz almak we bank kartlaryny açdyrmak boýunça onlaýn ýüzlenme hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler.
Häzirki wagtda Altyn asyr bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak Internet-bank hyzmatyna birikdirip bilýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan Elektron söwda hyzmatynyň onlaýn hasaplaşyklary durmuşa ornaşdyrylýar. Elektron söwda - harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.
Türkmenistanyň Halkbank paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan sanly ulgamda Halkbank terminal we Talyp tölegi bank hyzmatlary hödürlenilýär.Halkbank terminal mobil ulgamy ykjam telefona gurnalmak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Talyp tölegi onlaýn bank hyzmaty ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw toleglerini banka barmazdan, onlaýn usulda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.Tölegleri Internet-bank hyzmaty, şeýle hem Talyp tölegi programma goşundysy arkaly geçirilende talybyň özüniň ýa-da onuň ýakyn hossarynyň Goýum bank karty, Altyn asyr, Maşgala bank kartlaryny ulanmak arkaly ýerine ýetirip bolýar.
Türkmenistanyň Senagat paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde şäheriçi ugurlarda - awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin enjamlary gurnady, elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan dine bir şahsy taraplar üçin däl, eýsem ýuridik tarap bolan bank müşderilerine hem amatly mümkinçilikleri döredýän Internet-bank hyzmaty ýerine ýetirilýär.Sanly bank önümi bolan Internet-bank hyzmaty müşderilere bank hasaplarynyň galyndysyny bilmek we hasaplarynyň göçürmelerini almak, satyn alnan harytlar we ýerine ýertirilen hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek, alnan karz serişdelerine gözegçilik etmek we beýleki sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryndan peýdalanmak ýaly amatly mümkinçilikleri berýär.
2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna ýurdumyzyň bank ulgamy boýunça Internet-bank hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 898,1 müňe, Mobil-bank hyzmatyna birikdirilenleriň sany 57,5 müňe ýetdi.
2022-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, Internet-bank, Mobil-bank we Elektron söwda ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 10,3 milliard manatdan geçdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25 göterim ýokarlandy.
Kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçbere bolan gatnaşygy 2021-nji ýylyň degişli döwründe 40,1 göterime, 2022-nji ýylda 42,9 göterime deň bolup, bu görkeziji 7 göterim artdy. Bu görkezijiler banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň günsaýyn artýandygyny görkezýär.
Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary, esasan hem, sanly ulgam arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar raýatlarymyza birnäçe amatlyklary döredýär. Geçirilýän hasaplaşyklaryň tizligi, ýeňilligi müşderileriň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň artmagy bilen, ykdysadyýet boýunça, nobatlarda durulýan wagtyň tygşytlanmagy, ýolda sarp edilen wagtyň tygşytlanmagy we ýangyjyň tygşytlanmagy ýaly faktorlaryň üsti bilen, zähmet öndürijiligini artdyrmaga we serişdeleriň tygşytlanmagyna, has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmaga, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrlyp ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri belent maksatly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Dünýägözel Haýytowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni